Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Prezident Serdar Berdimuhamdow ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasyny açdy.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow açylyş toý bagyny kesdi we atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlajak täze ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdy.
Şeýle-de döwlet Baştutany Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Şu gün – 1-nji sentýabrda Arkadag şäherinde başga-da birnäçe umumybilim berýän orta mekdepleri we çagalar baglary açyldy.
ORIENT news
