26-njy maýda BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) Hyratdaky wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy Pawel Ýerşow bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, goňşy Owganystanda howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtadylar.
Türkmenistan TOPH gaz geçirijisini we TOP elektrlik geçirijisini gurmak, demir ýollary abatlamak we täze ýollary gurmak ýaly taslamalary amala aşyrmak arkaly goňşy ýurdy ykdysady taýdan dikeltmek üçin ýardam berýär.
Taraplar Owganystanyň gülläp ösmegi üçin halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
ORIENT
