Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, welaýalatlaryň häkimlerine söz berdi. Häkimler öz çykyşynda şu günler welaýatlaryň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatlaryň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň we bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň berk gözegçilikde saklanylmagy barada tabşyryklary berdi.
Şeýlede Türkmenistanyň Prezidenti gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda we binalarda gurluşygy we meýilleşdirilen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bulary gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek üçin tohumlary taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de gök bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy hem-de bu işleriň depginlerini güýçlendirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
