
“Energetika bazarynyň ösüşi üçin uzak möhletli çaklamalaryň anyksyzlygynda dünýäniň energiýa balansynda tebigy gazyň eýeleýän ornunyň artmagy dowam edýär. 2040-njy ýyla çenli onuň sarp edilişiniň 2021-nji ýyldaky derejeden takmynan 20% geçmegine garaşylýar”. Bu barada sişenbe güni “Gazpromyň” neşir edilen metbugat beýanatynda aýdylýar.
Energiýanyň, şol sanda gazyň sarp edilişiniň artmagynda Hytaý möhüm orun eýelär. Hytaýyň dünýäde iň depginli ösýän gaz bazarynyň möçberi, eýýäm, orta möhletli geljekde Ýewropa sebitiniň ähli ýurtlarynyň sarp edişiniň bilelikdäki derjesinden geçer diýlip, habarda aýdylýar.
“Gazprom” AGPJ-niň direktorlar geňeşi 20-nji dekabrda 2022-nji ýylyň wakalarynyň dünýäniň energetika bazarynyň ösüşi üçin uzak möhletli çaklamalara täsir edişi baradaky meselä garady.
Çig mal bazarlaryndaky düzümleýin üýtgeşmeler ýylyň esasy netijeleri boldy. Dünýäniň energetika ulgamynyň üýtgemegi çökgünlik ýagdaýlaryna gabat gelýär. Munuň özi bahalaryň görlüp-eşidilmedik möçberde ýokarlanmagynda, gazyň iberiliş ugrunyň üýtgedilmeginde we onuň sarp edilişiniň peselmeginde wajyp derejede ýüze çykýar.
“Gazyň bahalarynyň ýokarlanmagy babatda Ýewropada suwuklandyrylan tebigy gaz akymlarynyň paýlanyşy üýtgedi we olaryň ýewropa bazaryna beýleki sebitlerden gelmegine tarap ugry ütgedildi. Şunda STG-yň Ýewropa iberilişiniň ýokarlanmagynyň köp bölegi onuň öndürilişiniň artmagy sebäpli däl-de, STG-iň tapgyrlarynyň ugrunyň üýtgedilmeginiň hasabyna üpjün edildi.Bu bolsa, hakykatda, beýleki ýurtlarda energetika serişdeleriniň ýetmezçiligine getirdi.” diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.
Umuman, 2022-nji ýylyň wakalary dünýä ykdysadyýeti üçin gazylyp alynýan ýangyjyň uly ähmiýete eýedigini tassyklady. Hususan-da, kömüre hem-de nebit önümlerine islegiň artýandygy bellenilýär. Ýurtlaryň köpüsinde dekarbonisaziýa tarap alnan ugur ikinji derejeli meselä öwrüldi. Energetika howpsuzlygy we energiýa serişdelerine elýeterli bolmaklyk ýene-de ileri tutulýan ugurlara öwrüldi diýip, rus seljeriji bilermenler pikirini jemleýärler.
ORIENT news
Photo: gazprom.ru