Iň täze habarlar

Sinszýan sebitiniň kärhanalary Merjkezi Aziýa ýurtlarynda täze işewürlik mümkinçiliklerini gözleýärler

16.12.2022 | 18:23 |
 Sinszýan sebitiniň kärhanalary Merjkezi Aziýa ýurtlarynda täze işewürlik mümkinçiliklerini gözleýärler

Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň wekilleri işewürligi ösdürmek mümkinçiliklerini tapmak üçin Merkezi Aziýada saparda bolýarlar. Sapary welaýatyň hökümeti gurady – diýip, HHR-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Iş sapary Sinszýan bilen Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga, tejribe alyşmaga we önümleri birek-birege ibermegiň iň amatly ýollaryny gözlemäge gönükdirilendir. Şeýle hem kompaniýalar gaýtadan işlenmedik nebiti satyn almagyň mümkinçiliklerini gözleýärler.

«Hökümetimiz öňdebaryjy kärhanalaryň dünýä derejesine çykmak we daşary ýurt bilen söwda etmek baradaky başlangyjyny öz üstüne aldy, bu bolsa Sinszýan etrabynyň daşarky söwda berýän goldawynyň artandygyna şaýatlyk edýär» – diýip, YEMA Group Co., Ltd. kompaniýasynyň wise-prezidenti Çen Gan bu sapar barada täsirlerini beýan etdi.

ORIENT news
Surat: Bütindünýä Banky

Şeýle hem okaň: