
Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergisini we maslahatyny kabul edip, dünýäniň bilermenler we işewürlik jemgyýetçiliginiň çekiji merkezine öwrüldi. Ýurduň baş şäheriniň şanly baýramçylygyna gabatlanan bu giň gerimli sergi Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Häzirki wagtda Aşgabat ylmyň, bilimiň, innowasiýalaryň we ýokary senagatyň esasy sebit merkezi hökmündäki derejesini yzygiderli berkidýär. 55 döwletden wekiliýeti we işewür toparlaryň gatnaşyjylaryny jemlän ýubileý forumy ýurduň şähergurluşyk ulgamyndaky ägirt uly gazananlaryny, häzirki zaman infrastrukturasynyň kemala getirilişini we milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny görkezmek üçin strategik meýdança öwrüldi.

Forumyň dabaraly açylyşyna Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem köp sanly daşary ýurtly we ýerli telekeçiler gatnaşdylar. Ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda Aşgabadyň raýatlaryň abadançylygyna we durnukly ösüşe gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň nusgasy hökmündäki esasy ornuna aýratyn ünsi çekdi.

Sergide öz pawilýonlaryny ýerleşdiren 130-dan gowrak eksponent şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, dizaýn, gurluşyk, elektroenergetika we ýeňil senagat boýunça uzak möhletleýin işewürlik tekliplerini hödürlediler.

Sergä gelenleriň we maýadarlaryň aýratyn ünsüni Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumlarynyň stendleri çekdi. Ol ýerde özboluşly arhitektura desgalarynyň şekilleri we dolulygyyna dünýä derejesindäki hil standartlaryna laýyk gelýän ýerli çig maldan öndürilen döwrebap önümler esasy orny eýeledi. Ýurtda importyň ornuny tutýan we bäsleşige ukyply eksport önümlerini öndürmäge gönükdirilen ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar.

Bu ägirt uly şähergurluşyk meýilnamalaryny amala aşyrmaga Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlary gatnaşýarlar. Olaryň arasynda şäher gurşawyny özgertmek boýunça iň çylşyrymly infrastruktura taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän «Bouygues Turkmen», «Gap Inşaat», «Rönesans», «Çalık Enerji», «Daewoo», «Altkom», «Interbudmontaž» ýaly kompaniýalar tapawutlanýarlar.

Şunuň bilen birlikde, sergide türkmen hususy pudagynyň okgunly ösýän mümkinçilikleri aýdyň görkezildi. Ýerli gurluşyk kompaniýalary, şol sanda «Ajaýyp gurluşyk», «Rysgally zähmet», «Röwşen», «Ýedi-Ýer», «Altyn Nesil», «Ojar Aziýa» tarapyndan Aşgabatda we sebitlerde amala aşyrylan hem-de geljegi uly bolan durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň taslamalary hödürlendi.

Türkmen telekeçiliginiň uly bölegi indi öňdebaryjy tejribeleriň özboluşly barlaghanasyna öwrülen täze döwrebap Arkadag şäheriniň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýar.Ýerli öndürijiler, şol sanda «Türkmen Enjam», «Akhümmet», «Arçaly Dünýä», «Eşret mahabat», «Ak bulut», «Ak tam», «Eziz doganlar», «Derýaplastik», «Şanly bedew» we «Galkynyş plastik» ýaly kärhanalar özleriniň gurluşyk we bezeg serişdeleriniň giň görnüşlerini görkezdiler. Şeýle hem, olar myhmanlary inženerçilik gurnama, daşky mahabat we enjamlary üpjün etmek ulgamyndaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Ekologik abadançylyk we halkara «ýaşyl» standartlaryna gyşarnyksyz eýermek tutuş ekspozisiýanyň içinden geçýän esasy tema boldy. Paýtagtyň ajaýyp seýilgäh zolaklary we innowasion çözgütleri munuň aýdyň subutnamasydyr, olaryň döredilmegine «Saýaly jülge», «Bossan», «Roza gül» ýaly hususy ýerli kompaniýalar işjeň gatnaşýarlar.
Ekologiýa bilen bir hatarda, doly sanlarylaşdyrmak şäherleriň durnukly ösüşiniň iň möhüm şerti hökmünde ykrar edildi. Hünärmenler jemgyýetçiliginde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň we olaryň hytaýly hyzmatdaşlary bolan «Unilumin Group» kompaniýasynyň iň täze IT-işläp taýýarlamalary, şeýle hem Aragatnaşyk ministrliginiň ýurduň bitewi sanly giňişligini kemala getirmekde we ulag ulgamyna akylly tehnologiýalary ornaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýän diwarlygy uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň söwda senagatynyň öňdebaryjy kärhanalary Aşgabadyň durmuş-medeni we azyk howpsuzlygy ugruny hödürlediler. Sergä gelenler paýtagtyň iri söwda ulgamlarynyň, şeýle-de belli restoran brendleriniň ekspozisiýalary bilen işjeň tanyşdylar.
Mebel senagaty pudagynda «Aýbölek» fabrikasy özüň täze interýer çözgütlerini görkezdi. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde hususy oba hojalyk pudagynyň goşýan ägirt uly goşandyny köpsanly ýerli kompaniýalaryň pawilýonlary aýdyň görkezdi. Halyçy gelin-gyzlaryň, dokmaçylaryň we senetçileriň sergileri milli medeni mirasymyzyň baýlygyny nygtap, sergä aýratyn öwüşgin berdi.
Forumyň intellektual gün tertibi günüň ikinji ýarymynda abraýly çekişme meýdançalaryna geçdi. Serginiň çäklerinde ýokary derejeli tegelek stol görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň “Global dialog arkaly iş ýüzünde durmuşa geçirmek: durnukly, inklýuziw we “akylly” şäherler” atly ýokary derejeli halkara “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Bilermenler häzirki zaman şähergurlyşygyň döwletleriň maýa goýum özüne çekijiligini we olaryň ählumumy howa wezipelerine jogap bermek ukybyny göni kesgitleýändigi baradaky pikirde birleşdiler.

Gepleşikler «Ak şäherim Aşgabat» atly maslahatyň “akylly” we global goşulyşýan paýtagty kemala getirmäge bagyşlanan umumy mejlisinde «Olimpiýa» myhmanhanasynda dowam etdirildi. Maslahata gatnaşyjylar aşgabatlylary şäheriň ýubileýi bilen gyzgyn gutlap, Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, bu guramanyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň oňa Aziýanyň ykrar edilen merjeni diýen derejäni gutarnykly berkitjekdigini aýratyn nygtadylar.
Ýubileý forumynyň işiniň birinji gününiň esasy amaly netijesi ýurduň tehnologik we senagat ösüşi üçin binýat goýýan iri halkara resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi boldy.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Singapur Respublikasynyň «Bitdeer Technologies Group» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Günüň ähmiýetli jemleýji pursaty «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Singapuryň «Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific, Pte. Ltd», Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation Machinery Inc.» we Türkiýäniň «Çalık Enerji» kompaniýalarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy. Bu resminama uzak möhletleýin tehnologik hyzmatdaşlyga, şeýle hem ýurdumyzyň himiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan «Garabogazkarbamid» zawody üçin bejeriş we tehniki hyzmat ediş boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.
Gol çekilen resminamalaryň arasynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaýyň «Hong Kong Richie Sweet Co.Ltd» kompaniýasynyň arasynda; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary döwlet agentligi we Germaniýanyň «Inros Lackner SE» kompaniýasynyň arasynda; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary döwlet agentligi we Hytaýyň «Shantui Construction Machinery Co.,Ltd.», «Sinotruk Hong Kong Capital Holding Limited» kompaniýalarynyň arasyndaky Ähtnamalar bar.
Ýubileý sergisi öz işini ertir dowam etdirer we esasy ünsüni geljegiň energetikasy boýunça tematiki mejlislerine gönükdirer.