Turkish Airlines döredilen gününiň 93 ýyllygyny belledi. 1933-nji ýylda bäş uçardan ybarat düzüm we 24 işgär bilen işe başlan Türkiýäniň milli howa daşaýjy kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň 133 ýurdunda 358 ugur boýunça gatnawlary amala aşyrýar hem-de 536 uçardan ybarat howa flotuna eýedir.
Kompaniýanyň taryhy 1933-nji ýylyň 20-nji maýynda «Döwlet howaýollary» ady bilen başlandy. Ilkinji ýyllarda flot bary-ýogy bäş uçardan ybarat bolupdyr, halkara gatnawlary bolsa 1947-nji ýylda ýola goýuldy — ilkinji daşary ýurt ugry hökmünde Stambuldan Afinalara uçuşlar amala aşyryldy.
Soňky onýyllyklarda awiakompaniýa ugurlar toruny işjeň giňeltdi, flotuny täzeledi we häzirki zaman hyzmatlaryny ornaşdyrdy. 1956-njy ýylda kompaniýa Turkish Airlines adyny aldy hem-de Halkara howa ulaglary assosiasiýasyna — International Air Transport Association (IATA) agza boldy. 1950-nji ýyllaryň ahyrynda THY reaktiw uçarlara geçip başlady.
Uzak aralyklara ýokary belentlikde uçup bilýän ýabany gaz guşundan ylham alnyp döredilen awiakompaniýanyň nyşany 1959-njy ýylda dizaýner Mesut Manioğlu tarapyndan işlenip taýýarlandy we şu güne çenli ulanylýar.
2008-nji ýylda THY dünýäniň iň iri awiasiýa birleşikleriniň biri bolan Star Alliance agza boldy, 2011-nji ýylda bolsa Skytrax tarapyndan Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi.
Häzirki wagtda howa daşaýjysy dünýäniň iň iri awiakompaniýalarynyň biri bolup durýar. 2023-nji ýylda Turkish Airlines milliardinji ýolagçysyny daşady we 400-nji uçaryny kabul etdi. 2026-njy ýylda kompaniýanyň floty «TK Aile» atly 500-nji uçary bilen dolduryldy, onuň korpusyna kompaniýanyň 100 müň işgäriniň suratlary ýerleşdirildi.
2026-njy ýyla çenli Turkish Airlines dünýäde iň köp ýurda gatnaw amala aşyrýan awiakompaniýa bolmagynda galýar. Şeýle hem kompaniýa flotynyň möçberi boýunça dünýäniň iň iri on howa daşaýjysynyň hataryna girýär.
2033-nji ýylda bellenjek 100 ýyllygyna çenli THY uçarlarynyň sanyny 813-e ýetirmegi we dünýäniň iň iri bäş awiakompaniýasynyň hataryna goşulmagy meýilleşdirýär.
