

Güller, bazarlar we täsirler: Hytaý ýaşlarynyň täze durmuş stili
Hytaýda ýaşlaryň arasynda dynç alyş, syýahatçylyk we satyn alyş baradaky adaty düşünjäni üýtgedýän täze sarp ediş ugry emele gelýär


Hytaýda ýaşlaryň arasynda dynç alyş, syýahatçylyk we satyn alyş baradaky adaty düşünjäni üýtgedýän täze sarp ediş ugry emele gelýär


Barlaglar şuny görkezýär: adamyň aň-paýhas mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesi takmynan 20 ýaşlaryň töweregine gabat gelýär. 30 ýaşdan soň maglumatlary işläp taýýarlamak tizligi, gysga möhletli ýadyň göwrümi we meseleleriň arasynda çalt geçmek ukyby kem-kemden peselip başlaýar


“Kämil tupanlar” bolýarmy? Meniň pikirimçe, bu gaty bir mümkin däl... Emma dünýä 2026-njy ýylyň 23-nji martyndaky iş hepdesine käbir bilermenleriň “kämil tupan” diýip atlandyrýan ýagdaýynda gadam basdy. Bu diňe bir krizis bolman, eýsem syýasy erkiň, ykdysady bulam-bujarlygyň we üpjünçilik ýollarynyň fiziki taýdan weýran bolmagynyň bir nokada uran betbagtçylykly pursatydyr


Ramadan Press Trip” ekspedisiýasynyň gündeliginden


Ýaz paslynyň ilkinji gününde Aga Berdiýew köçesindäki art-galereýa bulutly howa bilen garşydaş gelýän aýratyn bir nurdan doldy


Durmuş tizleşýär, ýük artýar, «dem alyp dynç almak» mümkinçiligi bolsa barha seýrekleşýär. Stres öz-özünden erbet zat däl: ol adamy herekete getirýär we jemlenmäge kömek edýär. Orta derejede stres her birimize zerurdyr


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kirişli saz gurallary kafedrasynda, Maral Agaýewanyň ýolbaşçylygynda saz janly sungata öwrülip, sesleri duýga, sazlary bolsa keşplere öwürýär. Bu ýerde her bir talyp edil ýaňy ýoluny başlan suratkeş ýaly diňe notalary ýerine ýetirmegi däl, eýsem olarda kompozitoryň pikiriniň ähli çuňlugyny we gözelligini açmagy öwrenýär


Aşgabatda şäheriň depgininiň haýallaýan, adaty başagaýlygyň bolsa synlamaga ýer berýän künjekleri bar. Aga Berdiýew köçesinde ýerleşýän Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda dürli nesilleriň kyrk sany awtoryny — ykrar edilen ussatlardan başlap, dogumly ýaşlaryna çenli birleşdirýän sergi geçirilýär. Bu sergi 1-nji marta çenli dowam eder


Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda Baş dirižýor we çeper ýolbaşçy Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri diňleýjilere rus nusgawy aýdym-sazynyň aýdyň nusgalaryny birleşdirip, giň gerimli eseri — «Simfoniki suratlary» hödürledi


Astronomiýa adamy pespällige öwredýär we häsiýeti berkidýär diýýärler. Belki-de, biziň ownuk dünýämiziň bu daşardan alnan şekilinden başga adamzat ulumsylygynyň akmaklygyny görkezýän has gowy mysal ýokdur


Biz emeli aňy köplenç kod ýazmak, tekst ýa-da surat döretmek üçin gural hökmünde ara alyp maslahatlaşýarys. Emma iň möhüm zady köplenç ýatdan çykarýarys. Emeli aň — bu aýna. Ol diňe bir jogaplary döretmeýär, eýsem biziň öz gorkularymyzy, umytlarymyzy we “jan” diýip atlandyrmaga öwrenen zatlarymyzy hem şöhlelendirýär. Emma algoritm geçmişe baradaky hasraty ýa-da tötänleýin bir seredişden dörän şatlygy duýup bilermi


Türkmen halkynyň milliliginde müňýyllyklaryň dowamynda üýtgemän gelýän bir ritmi bar — ol hem ahalteke bedewiniň dürs ädimidir. Gündogar senenamasy boýunça At ýyly bolan 2026-njy ýylda bu ritm ýurduň esasy owazyna öwrülýär. Ýylyň resmi şygary — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» — ýurduň kartasyny diňe dynç almak üçin däl, eýsem ylham we açyş gözleýänler üçin çuňňur gollanma öwürýär


ORIENT toparynyň iň ýaş wekilleri işewürlik bilen metbugatyň arasyndaky gatnaşyga täzeçe garaýyş hödürlediler. Seýli Aryşow we Enejan Kepbanowa :Media Turkmen habarlar agentliginiň" “içki aşhanasynyň” syrlaryny açyp, gatnaşyjylar bilen birnäçe amaly ýagdaýlary seljerdiler


Halkara iri forumlarda hünärmenler global suw ýetmezçiligi barada jedel edýän mahaly, biz bu meseläni öz öýümizde hem çözmäge başlap bileris. Esasanam suw hasaplaýjylarynyň giňden ornaşdyrylan döwründe her bir tygşytlanan litr — maşgala býujetine girýän hakyky puldyr


2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Ýewropa Bileleşiginiň uglerod taýdan sazlaşdyrma guraly (CBAM — Carbon Border Adjustment Mechanism) doly ýerine ýetiriliş tapgyryna geçdi