HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Botlar interneti eýeledi: taryhda ilkinji gezek emeli aňyň traffigi adam traffiginden geçdi

Iýun 08, 2026 | 22:00 |3007
Çeşme: orient.tm

57,4 göterim internet traffigi emeli aň we awtomatlaşdyrylan programmalar tarapyndan döredilýär, adamlaryň paýy bolsa 42,6 göterime çenli azaldy. Bu ýagdaý hünärmenleriň çaklamalaryndan has ir ýüze çykdy.

CCTV+ habar bermegine görä, hosting hyzmatlaryny hödürleýän Cloudflare kompaniýasynyň maglumatlary internetiň taryhynda ilkinji gezek botlaryň we emeli aň agentleriniň döredýän traffiginiň adamlar tarapyndan döredilýän traffikden geçendigini görkezdi. Cloudflare Radar hasabatyna laýyklykda, umumy internet traffiginiň 57,4 göterimi awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň paýyna düşýär, adam ulanyjylary bolsa bary-ýogy 42,6 göterim traffik döredýär.

Cloudflare kompaniýasynyň baş direktory Metýu Prins X sosial torunda bu üýtgeşmeleriň garaşylyşyndan has çalt bolandygyny belläp: «Men munuň 2027-nji ýylyň ahyrynda boljakdygyny pikir edýärdim, soň çaklamamy 2027-nji ýylyň başyna geçirdim. Emma botlardan gelýän traffik şeýle bir çalt ösýär welin, internetiň taryhynda ilkinji gezek olar adamlardan öňe geçdi» diýip ýazdy.

Cloudflare Radar — internet traffigini hakyky wagtda yzarlaýan Cloudflare global kontent eltiş ulgamynyň hyzmatydyr. Botlar diýlip gözleg robotlary, maglumat ýygnaýjy skraperler, şeýle hem maglumat toplamak üçin interneti skanirleýän häzirki zaman emeli aň agentleri ýaly awtomatlaşdyrylan programmalar göz öňünde tutulýar.

Internet indi diňe «adamlaryň toruny» aňlatmaýar. Onuň esasy ýaşaýjylary indi algoritmler bolup, olar adam gatnaşmazdan sahypalary skanirleýär, maglumatlary göçürýär, seljerýär we täze mazmun döredýär. Emeli aň agentleri neýroulgamlary öwretmek üçin maglumat ýygnap, web sahypalarynyň üstünden yzygiderli geçýärler, adam ulanyjylar bolsa azlykda galýar.

Mesele botlaryň interneti eýeläp-eýelemejeginde däl. Olar eýýäm interneti eýelediler. Esasy sorag — bu dünýäde adam üçin ýer galarmy? Ýa-da biz özümiziň döreden sanly giňişligimizde kem-kemden diňe myhmanlara öwrülerismikäk?

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026