

Türkmenistan we Türkiýe ynsanperwer ylymlar babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi.


17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi.
17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň guramagynda Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň agzalary hem gatnaşdylar.


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň Daşary ýurtlylar üçin Peruja uniwersiteti bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi.


Soňky ýyllarda Türkmenistanyň uniwersitetleri halkara bilim giňişligine işjeň gatnaşýar, muny abraýly dünýä reýtinglerinde olaryň peýda bolmagy bilen tassyklanýar.


Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda paýhas bäsleşigini geçirer.


12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda statistika dersi boýunça Interne bäsleşigi geçiriler.


Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet, ylym we bilim bölümi Russiýa Federasiýasynyň türkmen dalaşgärlerine 2025-2026-njy okuw ýyllary üçin 500 okuw kwotasyny aýyryp berendigini habar edýär.


2024-nji ýylyñ 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekiliýetiniñ Kent döwlet uniwersitetine amala aşyran saparynyñ çäginde ABŞ-nyñ we Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm gepleşikler geçirildi.


Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasyny açmak mümkinçiligi bilim ministriň orunbasary Azat Ataýewiň we agzalan amerikan ýokary okuw mekdebiniň rektory Todd Dýakonyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


1-nji oktýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda BAE-nyň “Dubai World Trade” sergi merkezinde “Suw, energetika, tehnologiýa we daşky gurşaw” atly halkara sergi (WETEX 2024) geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary türkmen missiýasynyň çäginde wekilçilik etdi.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde AC Language School-da duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew gatnaşdylar. AC Language School tarapyndan duşuşygy hökümet we operasion meseleleri boýunça esasy iş dolandyryjysy Angelas Çawiz alyp bardy.


ABŞ-da iş saparynda bolan türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde bilim hyzmatdaşlygyna bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyga ABŞ-nyň bilim we diplomatik edaralarynyň öňdebaryjy wekilleri gatnaşdylar, şol sanda Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy baradaky müdirligiň direktorynyň orunbasary Tämi Palçikow, Bütindünýä bilim maksatnamalary müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jeými Şarp, ABŞ-nyň Bilim departamentiniň halkara işler müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jennifer Hong, Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça akademiki alyş-çalyş programmalary müdirligiň wagtlaýyn ýolbaşçysy Karin Keiting we beýleki Döwlet departamentiniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N. Şyhlyýew hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B. Mätliýew gatnaşdylar.
Educational Testing Service (ETC) Guramasy SAT, ACT, GRE, GMAT, TOEFL we beýleki testleriñ esasynda, täze tehnologiýalaryñ, esasan hem, emeli añyn ulamylmagy bilen test soraglaryny döretmek usulyýetini işläp düzmekde bilim ulgamy boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.


Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetiçilik guramalary boýunça wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşyk geçirdi.