

Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara XCEL olimpiadasy geçiriler
Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara XCEL olimpiadasynyň (XCEL International Competitions) milli tapgyry geçiriler.


Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara XCEL olimpiadasynyň (XCEL International Competitions) milli tapgyry geçiriler.


Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasy daşary ýurtlaryň uçurumlary we postdoktorantlary üçin Berliniň wekiller Palatasynyň Barlag gaznasynyň stipendiýalaryny almak mümkinçilikleri barada habar berdi.


Ýarmarka gatnaşan ýaşlara Çehiýa uniwersitetleriniň okuw maksatnamalary, daşary ýurtlarda okamagyň mümkinçilikleri barada maglumat almak, Çehiýada talyp durmuşynyň aýratynlyklary barada sorag-jogap alyşmak üçin özboluşly mümkinçilik döredildi


31-nji oktýabrynda we 1-nji noýabrynda Minsk döwlet lingwistika uniwersitetinde «Diller we raýdaşlyk okuw arkaly parahatçylyk we toleransiýa» atly halkara ýaşlar ylmy maslahaty geçirildi. Bu çärede dürli ýurtlardan ýaş alymlar, okuwçylar we hünärmenler dünýä dilleriniň we bilimiň parahatçylygy we düşünişmegi üpjün etmekdäki möhüm ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.


Ýaňy-ýakynda «Mekdebe çenli 3-5 ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşini anyklamak» atly usuly gollanma (awtorlary: L.Legedina, A.Çaryýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi we ýurdumyzyň ýörite bilim edaralaryna ýetirildi.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginde edaranyň wekilleriniň Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler rus wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň mejslisine gatnaşmagynyň resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygynyň çäklerindäki rus wekiliýetiniň saparynyň dowamynda 30-njy oktýabrda A.S.Puşkin adyndaky orta umumybilimberýän Türkmen-Rus mekdebiniň goşmaça binasynyň gurluşygy barada maslahatlaşyldy


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygyna bagyşlanan saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary Andreý Korneýew bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň ornbasary A.Ataýewiň arasynda bilim ulgamynda özara gatnaşyklar, hususan-da bitewi döwlet synagyny geçirmek meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyga” laýyklykda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan iki sany ylmy tema boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar


Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rectory Baýrammyrat Atamanow Hytaý nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 2024-nji ýylyň 16-20-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin we Sian şäherlerinde gulluk iş saparynda boldy.


Gadymy Goňurdepede şäherinde (Mary welaýatynda) geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde aýyň şekili we üç ýyldyz ýerleşdirilen häsiýetli möhüri tapyldy, bu Türkmenistanda tapylan astronomiki desganyň iň köne şekili bolmagy ahmal. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň etnologiýa we antropologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, rus-türkmen Margiana arheologiki ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy Nadežda Dubowanyň sözlerine salgylanyp TASS habar berdi.


Aeronawtika we kosmos giňişligindäki barlaglar boýunça milli gullugynyň (NASA) alymlary, Günüň iň ýokary işjeňlik döwrüniň 11 ýyllyk aýlawyň başlandygyny resmi taýdan tassykladylar. Bu barada kosmos gullugynyň web sahypasynda habar berildi.


Ýakynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin “Nemes dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby neşir edildi (awtorlar: A.Ýazberdiýewa, S.Nazarowa, M.Ataýewa).


Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda 2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasynda “Lu Ban ussahanasy” taslamasyny bilelikde amala aşyrmagy ilerletmek baradaky teklip öňe sürüldi.


Ylmy iş boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymlary akademik M.F.Reşetnýow adyndaky Sibiriň ylym we tehniologiýalar döwlet uniwersitetine baryp gördüler.