

Aşgabatda mugt iñlis dili okuwlary başlaýar
2025-nji ýylyñ ýanwar-dekabr aýlarynda Aşgabat Halkara mekdebi tarapyndan (AIS) American English maksatnamasy geçirilýär. Bu Maksatnama 11-25 ýaş aralygyndaky ýaşlara mugt iñlis dili okuwlaryny hödürleýär.


2025-nji ýylyñ ýanwar-dekabr aýlarynda Aşgabat Halkara mekdebi tarapyndan (AIS) American English maksatnamasy geçirilýär. Bu Maksatnama 11-25 ýaş aralygyndaky ýaşlara mugt iñlis dili okuwlaryny hödürleýär.


Türkmenistandan Telekommunikasiýa we informatika institutynyň rektory N.Kulyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Ö.Öwezsähedow wekilçilik etdiler.


20-nji noýabrda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda, Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň we hünärmenleriniň, şeýle hem türkmen diplomatiýanyň milli mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn duşuşyk geçirdi. Bu çäre bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy


2024-nji ýylyň 18-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda ýurduň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Türkmenistandaky okuw edaralarynyň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak kurslary geçirilýär.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginde DARYA maksatnamasynyň çäginde gazanylan üstünlikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň we Merkezi Aziýa üçin Ýewropa Bilim Gaznasynyň (ETF) utgaşdyryjysy Kristina Hemşmaýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanda häzirki wagtda ilatyň derwaýys ýokanç kesellerine garşy immunitetini bahalandyrmak boýunça giň gerimli barlaglar geçiriler. Taslama RF-yň Russiýanyň alyjy gözegçiliginiň Paster adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyň hemaýaty bilen durmuşa geçiriler. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.


Ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa) neşir edildi.


Türkmenistanda «Türkçe-türkmençe sözlük» (J.Gökleňow, A.Erjilasun – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çapdan çykdy.


Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Ýaş robototehnikaçy” atly bäsleşigi geçirilýär.


“Türkmentel-2024” atly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Huawei kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça MKT çözgütleriniň marketing we satuw bölüminiň ýolbaşçysy Allen Tang bilen duşuşdy. Maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy


14-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylda Malaýziýanyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasyna (ASEAN) ýolbaşçylyk etmegine bagyşlanan okuw sapagy geçirildi


Şu gün, 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça eksport müdiri hanym Sara Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanda Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýet pudagynda işleýän hünärmenlere gönükdirilen C5+ONE maksatnamanyň çäginde iňlis dili mugallymlary boş iş ýerlerine işe alynjakdygyny yglan edýär.


11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew bilen Daşkent şäherindäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň müdiri Denisa Woddingemiň ýolbaşçylygyndaky britan wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Fransiýanyň Lion şäherinde 2024-nji ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda geçirilen “Resmi däl bilimi we özbaşdak öwrenilen hünär endiklerini ykrar etmek ulgamyny kämilleşdirmek” boýunça halkara seminara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ygtyýarlylandyrmak we bilim hakynda daşary ýurt resminamalaryny ykrar etmek bölüminiň başlygy T.Gulamow gatnaşdy.