logo

Konfidensiallyk syýasaty

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwary

Şahsy maglumatlaryň konfidensiallyk syýasaty (mundan beýläk – Konfidensiallyk syýasaty) https://orient.tm/ domen ady boýunça ýerleşýän elektron köpçülikleýin habar beriş serişdesi ORIENT.TM (mundan beýläk Sahypa) tarapyndan Sahypany ulanmak wagtynda Ulanyjy barada alyp biljek ähli maglumatlaryna degişlidir. 1. TERIMLERIŇ ANYKLAMALARY 1.1. Şu Konfidensiallyk syýasatynda aşakdaky terminler ulanylýar: 1.1.1. «ORIENT.TM elektron köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň sahypa administrasiýasy (mundan beýläk – Sahypa administrasiýasy)» – Sahypany dolandyrmak boýunça ygtyýarly işgärler bolup, olar şahsy maglumatlaryň işlenmegini guraýarlar we (ýa-da) amala aşyrýarlar, şeýle hem şahsy maglumatlaryň işlenmeginiň maksatlaryny, işlenmeli şahsy maglumatlaryň düzümini, şahsy maglumatlar bilen ýerine ýetirilýän hereketleri (amallary) kesgitleýärler. 1.1.2. «Şahsy maglumatlar» - göni ýa-da gytaklaýyn kesgitlenen ýa-da kesgitlenip bilinýän fiziki şahsa (şahsy maglumatlaryň subýekti) degişli islendik maglumat. 1.1.3. «Şahsy maglumatlaryň işlenmegi» - şahsy maglumatlar bilen awtomatizasiýa serişdelerini ulanmak arkaly ýa-da olarsyz ýerine ýetirilýän islendik hereket (amal) ýa-da hereketleriň (amallaryň) jemidir, şol sanda ýygnamak, ýazga almak, ulgamlaşdyrmak, toplamak, saklamak, anyklamak (täzeden seretmek, üýtgetmek), çykarmak, ulanmak, geçirmek (ýaýratmak, üpjün etmek, elýeterlilik bermek), şahsylaşdyrmazlyk, bloklamak, pozmak, ýok etmek. 1.1.4. «Şahsy maglumatlaryň konfidensiallygy» - Operatoryň ýa-da şahsy maglumatlara elýeterliligi bolan beýleki şahsyň, şahsy maglumatlaryň subýektiniň razyçylygy bolmazdan ýa-da başga kanuny esas bolmazdan, olaryň ýaýradylmagyna ýol bermezlik borjy. 1.1.5. «ORIENT.TM elektron köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň sahypa ulanyjysy (mundan beýläk Ulanyjy)» – Internet arkaly Sahypa elýeterliligi bolan we Sahypany ulanýan şahs 1.1.6. «Cookies» — web-serwer tarapyndan iberilýän we ulanyjynyň kompýuterinde saklanýan maglumatlaryň kiçi bölegi bolup, web-klient ýa-da web-brauzer degişli sahypany açmaga synanyşanda her gezek HTTP soragynda web-serwere iberilýär. 1.1.7. «IP-salgysy» — IP protokoly boýunça gurulan kompýuter ulgamyndaky düwiniň üýtgeşik tor salgysy. 2. UMUMY DÜZGÜNLER 2.1. Ulanyjynyň Sahypany ulanmagy şu Konfidensiallyk syýasatyna we Ulanyjynyň şahsy maglumatlarynyň işlenmeginiň şertlerine razylygyny aňladýar. 2.2. Konfidensiallyk syýasatynyň şertleri bilen razylaşmadyk ýagdaýynda Ulanyjy Sahypany ulanmagy bes etmeli. 2.3. Şu Konfidensiallyk syýasaty diňe ORIENT.TM elektron köpçülikleýin habar beriş serişdesine degişli. ORIENT.TM elektron köpçülikleýin habar beriş serişdesi Ulanyjynyň Sahypada bar bolan baglanyşyklar boýunça geçip bilýän üçünji tarap sahypalaryna gözegçilik etmeýär we olara jogapkärçilik çekmeýär. 2.4. Sahypa administrasiýasy Ulanyjy tarapyndan berlen şahsy maglumatlaryň dogrulygyny barlamaýar. 2.5. Ulanyjy islendik wagtda Sahypa administrasiýasyna ýüzlenip, öz şahsy maglumatlaryny yzyna almaga doly hukuklydyr. 3. KONFIDENSIALLYK SYÝASATYNYŇ PREDMETI 3.1. Şu Konfidensiallyk syýasaty Sahypa administrasiýasynyň Ulanyjy tarapyndan Sahypanyň täzeliklerine ýazylan wagty administrasiýanyň haýyşy boýunça berilýän şahsy maglumatlarynyň konfidensiallygyny açmazlyk we goramak boýunça borçlaryny belleýär. 3.2. Şu Konfidensiallyk syýasaty boýunça işlenmäge rugsat edilen şahsy maglumatlar Ulanyjy tarapyndan Sahypadaky aragatnaşyk formasyny doldurmak arkaly berilýär: 3.2.1 e-poçta salgysy (e-mail); 3.3. ORIENT.TM elektron köpçülikleýin habar beriş serişdesi reklam bloklaryna tomaşa edilende we sahypalara girilende awtomatik berilýän maglumatlary goramaýar. IP salgysy; cookies maglumatlary; brauzer baradaky maglumatlar (ýa-da reklam görkezmäge elýeterlilik berýän başga programma); giriş wagty; reklam blokynyň ýerleşýän sahypasynyň salgysy; referer (öňki sahypanyň salgysy). 3.3.1. Cookies-i öçürmek Sahypanyň käbir böleklerine elýeterliligiň mümkin bolmazlygyna getirip biler. 3.3.2. Sahypa öz myhmanlarynyň IP-salgylary boýunça statistika ýygnýar. Bu maglumatlar tehniki meseleleri ýüze çykarmak we çözmek üçin ulanylýar. 3.4. Ýokarda görkezilmedik beýleki şahsy maglumatlar (sahypa girmegiň taryhy, ulanylýan brauzerler we operasion ulgamlar we ş.m.) ygtybarly saklanylmaga we ýaýradylmazlyga degişlidir, şu Konfidensiallyk syýasatynyň 5.2. bendinde görkezilen ýagdaýlardan başga. 4. ULANYJYŇ ŞAHSY MAGLUMATLARYNYŇ ÝYGNALMAGYNYŇ MAKSATLARY 4.1. Ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny Sahypa administrasiýasy şu maksatlar üçin ulanyp biler: 4.1.1. Ulanyjyny kesgitlemek we oňa e-poçta arkaly Sahypa administrasiýasy tarapyndan häzirki habarlar we peýdaly maglumatlary ugratmak üçin. 4.1.2. Ulanyjy bilen ters aragatnaşyk gurmak, şol sanda Sahypany ulanmak baradaky bildirişleri we soraglary ibermek. 4.1.3. Howpsuzlygy üpjün etmek we aldawyň öňüni almak üçin Ulanyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitlemek. 4.1.4. Ulanyjy tarapyndan berlen şahsy maglumatlaryň dogrulygyny we dolylygyny tassyklamak. 4.1.5. Sahypany ulanmak bilen bagly meseleler ýüze çykan ýagdaýynda Ulanyja täsirli müşderi we tehniki goldaw bermek. 5. ŞAHSY MAGLUMATLARYŇ IŞLENMEGIŇ USULLARY WE MÖHLETLERI 5.1. Ulanyjynyň şahsy maglumatlarynyň işlenmegi möhleti çäklendirilmezden, islendik kanuny usul bilen, şol sanda şahsy maglumatlaryň maglumat ulgamlarynda awtomatizasiýa serişdelerini ulanmak arkaly ýa-da olarsyz amala aşyrylýar. 5.2. Ulanyjynyň şahsy maglumatlary diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda esaslar boýunça we tertipde Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň ygtyýarly edaralaryna berlip bilner. 5.3. Sahypa administrasiýasy Ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny bikanun ýa-da tötänleýin elýeterlilikden, ýok edilmekden, üýtgedilmekden, blokirlemekden, göçürmekden, ýaýratmakdan, şeýle hem üçünji taraplaryň beýleki bikanun hereketlerinden goramak üçin zerur guramaçylyk we tehniki çäreleri görýär. 6. TARAPLARYŇ BORÇLARY 6.1. Ulanyjy borçludyr: 6.1.1. Sahypany ulanmak üçin zerur bolan şahsy maglumatlar baradaky maglumatlary bermek. 6.1.2. Bu maglumatlar üýtgän ýagdaýynda berlen şahsy maglumatlary täzelemek, doldurmak. 6.2. Sahypa administrasiýasy borçludyr: 6.2.1. Alnan maglumatlary diňe şu Konfidensiallyk syýasatynyň 4-nji bendinde görkezilen maksatlar üçin ulanmak. 6.2.2. Konfidensial maglumatlaryň gizlin saklanylmagyny üpjün etmek, ony açmazlyk, şeýle hem Ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny satmak, alyşmak, neşir etmek ýa-da başga mümkin usullar bilen ýaýratmazlyk, şu Konfidensiallyk syýasatynyň 5.2. bendinde görkezilen ýagdaýlardan başga. 6.2.3. Ulanyjynyň şahsy maglumatlarynyň konfidensiallygyny häzirki iş amallarynda şeýle maglumatlary goramak üçin adatça ulanylýan tertip boýunça goramak üçin öňüni alyş çärelerini görmek. 7. TARAPLARYŇ JOGAPKÄRÇILIGI 7.1. Konfidensial maglumatlaryň ýitirilmegi ýa-da ýaýradylmagy ýagdaýynda, Sahypa administrasiýasy şu konfidensial maglumatlar: 7.1.1. Ýitirilmän ýa-da ýaýradylman öň köpçülige mälim bolan bolsa. 7.1.2. Sahypa administrasiýasy tarapyndan alynmazdan öň üçünji tarapdan alnan bolsa. 7.1.3. Ulanyjynyň razyçylygy bilen ýaýradylan bolsa. 8. JEDELLERIŇ ÇÖZÜLMESI 8.1. Ylalaşyk gazanylmadyk ýagdaýynda jedel Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda kazyýet edarasynda serediler. 8.2. Şu Konfidensiallyk syýasatyna we Ulanyjy bilen Sahypa administrasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklara Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy ulanylýar. 9. GOŞMAÇA ŞERTLER 9.1. Sahypa administrasiýasy Ulanyjynyň razyçylygy bolmazdan şu Konfidensiallyk syýasatyna üýtgeşmeler girizmäge haklydyr. 9.2. Konfidensiallyk syýasaty Sahypada ýerleşdirilen pursatyndan güýje girýär, 9.3. Şu Konfidensiallyk syýasaty boýunça ähli teklipler ýa-da soraglar https://orient.tm/ru/contact salgysyna iberilmelidir 9.4. Hereket edýän Konfidensiallyk syýasaty https://orient.tm/useragreement/ salgysyndaky sahypada ýerleşdirilýär.