

BYD Hytaýy awtoulag innowasiýalarynyň dünýä merkezi diýip atlandyrdy we bäsdeşleri öz tehnologiýalaryny ösdürmäge çagyrdy
BYD kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Stella Li Hytaýy awtoulag innowasiýalarynyň we ylmy-barlag işleriniň dünýäde öňdebaryjy merkezleriniň biri diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, Hytaýyň awtoulag bazaryndaky güýçli bäsdeşlik tehnologik ösüşi höweslendirýär we öndürijileriň halkara bazarlarynda üstünlik gazanmagyna ýardam berýär. Stella Li özbaşdak tehnologiýalary ösdürmegiň we ylmy-barlaglara maýa goýmagyň möhümdigini nygtap, beýleki kompaniýalaryň işläp taýýarlamalaryny göçürýän hem-de esasan bahalary arzanlatmak arkaly bäsleşýän öndürijileri tankytlady.













