

Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda mugallym Jemile Berdiýewanyň 70 ýaş ýubileýi bellenildi
Yaňy ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda il-günümize, ylym-bilime we saz sungatyna ömrüni bagyşlan, ýüzlerçe zehinli çagalara – geljekki sazandalara hem-de aýdymçylara ýol görkezen halypa mugallym Jemile Rahymowna Berdiýewanyň şanly 70 ýaş ýubileý dabarasy şatlykly toý we aýdym-sazly konserti bilen bellenildi
















