

Türkmenistanyň migrasiýa gullugy MHG-nyň ösüş Gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürer
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Ösüş gaznasynyň wekili Alessiýa Kastelfranko bilen gepleşikleri geçirdi.


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Ösüş gaznasynyň wekili Alessiýa Kastelfranko bilen gepleşikleri geçirdi.


2022-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň oňyn saldosy $5,4 mlrd deň boldy, haryt dolanyşygynyň umumy görkezijisi bolsa $20 mlrd-a ýetdi – diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekillerine salgylanyp, Daryo maglumatlar agentligi habar berýär.


Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew her bir ministre, ýokary bilim mekdebiniň rektoryna, Milli gwardiýanyň serkerdesine we ýurduň ýolbaşçy korpusynyň beýleki agzalaryna ünsi we aladany talap edýän 50 sany ýaşlary berkitdi. Özbegistanyň ýolbaşçysy bu barada sişenbe güni ýaşlar bilen işlemek baradaky mejlisinde aýtdy, - diýip resmi özbek metbugaty ýazýar.


Türkmenistan şu ýylyň 13 — 15-nji dekabry aralygynda Ženewada geçiriljek Bosgunlar boýunça global foruma gatnaşar. Maslahatyň öňýanynda BMG-niň Almaty şäherindäki wekilhanasynyň binasynda geçiriljek foruma taýýarlyk boýunça sebitleýin tegelek stol geçiriler – diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanda 17-nji aprelden 28-nji aprel aralygynda 2023/2024-nji okuw ýylynda Russiýanyň ýokary bilim mekdeplerinde okamak üçin kwota almaga seçip alyş synaglary geçiriler. Dalaşgärler internet platformasynda saýlanan hünäre laýyklykda iki ders boýunça uzakdan synagy geçerler.


Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum agentligi maý aýynda Aşgabat şäherine işewürlik missiýasyny guramagy meýilleşdirýär.


«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «Türkmen Hemrasy» ÝGPJ (hemra aragatnaşygynyň milli operatory) resmi hemaýatkäri hökmünde 25-27-nji aprelde Daşkentde älem tehnologiýalarynyň halkara konferensiýasynyň geçirilmegini goldady.


Gollandiýadaky dünýäbelli Keukenhof şa seýilgähinde bahar gülleriniň millionlarçasy gül açdy, müşki-anbar ysly sary we ak narsissler, krokuslar, älemgoşar reňklerini ýada salýan çigildemler, altynsöw, gyrmyzy, gyzyl, mämişi öwüşginli giasintler ýatdan çykmajak gözel görnüşe eýedir. Internetde tükeniksiz gül meýdanlarynyň şekilleri yzygiderli çap edilýär, hoşboý ysly müň dürli öwüşginli bu gülzarlykda syýahatçylar surata düşýärler.


Hytaýyň sarp edilýän harytlaryň üçünji halkara sergisi (CICPE) Haýnan welaýatynyň dolandyryş merkezi Haýkou şäherinde bu halkara görkezilişe gelýän myhmanlar üçin öz diwarlyklaryny açdy.


Žurnalistikany okatmak babatyndaky ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň meseleleri Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň we talyplarynyň duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Ispaniýanyň Walensiýasy 32 sagatlyk iş hepdesini girizen dünýädäki ilkinji şäher boldy – diýip, Valencia Plaza habar berýär.


Türkmen-özbek araçägindäki «Farap» we «Alat» serhetýaka gümrük nokatlarynyň geçirijilik ukyby her gije-gündizde bir müň awtoulag serişdesine çenli artdyrylar – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük edarasynyň saýty habar berýär.


Sişenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 18 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Hytaýyň DIM-niň baştutany Sin Gan 12-13-nji aprelde Samarkantda geçiriljek Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşjakdygyny tassyklady – diýip, Hytaýyň SCMP maglumatlar agentligi habar berýär.


«Türkmen logistika» birleşmesiniň 130-a golaý agzasy Merkezi Aziýada Logistika we Ulag Patyşalyk institutynyň (CILT Central Asia) Wekilhanasy tarapyndan guralan webinarlaryň birnäçesiniň kömegi bilen ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň halkara tejribesini öwrenip bilerler.