HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 70 ýaşyny belleýär

Maý 17, 2023 | 10:07 |6647
17-nji maýda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz doglan gününi belleýär. Ol 70 ýaşady.17-nji maýda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz doglan gününi belleýär. Ol 70 ýaşady.
Çeşme: nur.kz

17-nji maýda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz doglan gününi belleýär. Ol 70 ýaşady.

Ilkinji gezek Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymy Tokaýew Gazagystana 2019-njy ýylda nobatdan daşary prezident saýlawlarynda sesleriň 70,96% alyp ýeňiş gazanyp baştutanlyk etdi. 2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda bolan respublikanyň prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlarynda ol sesleriň 81,31% alyp, ýene-de ýeňiş gazandy.

«Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady ösüş ýolunda yzygiderli öňe barýar. Soňky ýyllarda dünýä giňişliginde ýurduňyzyň abraýy barha ýokarlandy» – diýip, gazak liderine iberen gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nygtamak bilen, onuň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, strategik gatnaşyklaryň berkidilmegine goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berdi.

«Biz doganlyk Gazagysanyň soňky ýyllarda gazanan üstünligine begenýäris. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze mazmun bilen baýlaşyp, meýilnamalaýyn giňelýär. Türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň mundän beýläkde hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda pugtalanjakdygyna çuňňur ynanýaryn» - diýip, Tokaýewiň adyna iberen gutlagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026