

Wodorod bilen işleýän iň uly uçaryň ilkinji uçuşy – 35 ýyl geçensoň Tu-155
Täze wodorod uçuşynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Kaliforniýanyň «Universal Hydrogen» kompaniýasy ähmiýetli ýeri gazandy.


Täze wodorod uçuşynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Kaliforniýanyň «Universal Hydrogen» kompaniýasy ähmiýetli ýeri gazandy.


Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça kömekçisi Haled Hiari bilen duşuşdy – diýip, hemişelik wekilhananyň resmi saýty habar berýär.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikaiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär mekdebinde okaýan gyzlara we zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň Prezidentinden pul sowgatlaryny gowşurdylar.


Türkmenistanyň sport ussatlygynyň Ýokary mekdebiniň tälimçileri Armen Sarkisýan we Ýekaterina Arabowa Aziýa Konfederasiýasynyň sportuň atyjylyk görnüşleriniň tälimçilik şahadatnamalaryna eýe boldular.


Gazagystan Hytaý bilen Hazarüsti ulag ugruny ösdürmek barada ylalaşyga gol çekmekligi meýilleşdirýär. Ylalaşyk gümrük amallaryny ýönekeýleşdirer we ugurda ýük daşamalaryň kepillendirilen möçberini tassyklar. Bu meseleler hökümet ýygnagynda GR-nyň premýer-ministri Alihan Smailowyň ýolbaşçylygynda seredildi – diýip, Gazagystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanda 285 köp çagaly enelere «Ene mähri» hormatly ady dakmaga we olara täze döwrebap öýleriň açaryny gowşurmaga bagyşlanan dabaraly çäreler geçiriler.


“Awaza” syýahatçylyk zolagynda eşidiş maýyplygy bolan adamlaryň arasynda woleýbol boýunça we görüş maýyplygy bolanlaryň arasynda golbol boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.


Anna güni, 3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $480 müň amerikan dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy - diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Gazagystanda pasport ýa-da şahsyýeti tassyklaýan resminama almak üçin olaryň kömegi bilen ýüz tutmany resmileşdirip boljak terminallar peýda boldy – diýip, Respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministrligine we Içeri işler ministrligine salgylanyp, Tenginews habar berýär.


Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda gender deňligi meselelerine bagyşlanan talyplaryň arasynda çekeleşikler geçdi. Çäräni ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň goldamagynda gurnadylar.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we ÝUNISEF enäni we çagany öýde baryp görmek gullugynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrjak ýurtdaky ilkinji ykjam goşundyny hödürlediler - diýip, ÝUNISEF-iň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýaşlar ýygyndysy 25-nji martdan 1-nji aprel aralygynda Dupresede (Albaniýada) geçjek 17 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda geçiriljek ýetginjekleriň dünýä Çempionatyna gatnaşar.


Bahar – baýramlaryň we sowgatlaryň döwri! 4-nji martdan 25-nji marta çenli Elektronika dünýäsi dükäny söwda etmäge we onuň üçin Halkara zenanlar güni, Nowruz baýramy we mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli ýakymly sowgatlary almaga çagyrýar.


Düzgünnamalaryň we Umumy teswirnamalaryň degişli taslamalaryna garamak boýunça bilermenler topary Arkalaşygyň ştab-kwartirasyndaky mejlisiň barşynda GDA-da synçynyň we hyzmatdaşyň institutlaryny döretmeklige gyzyklanma bildirdi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň hususy pudagy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda oba hojalygy we azyk önümleriniň önümçiligini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,5% artdyrdy. Gürrüň ýurduň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) agzalary bolan kärhanalar barada barýar.