

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşyk geçirdi. Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew myhman bilen Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň syýasy we ykdysady ugurlarda, energetika we daşky gurşaw howpsuzlygy, parlament diplomatiýasyny ösdürmek, şeýle hem ynsanperwerlik meselesinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy.




















