HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäherine GDA-nyň paýtagtlarynyň we iri şäherleriniň Halkara birleşmeleriniň agzalarynyň wekiliýetleri gelip görerler

Maý 31, 2023 | 14:45 |5520
«Akyly» tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin GDA-nyň Paýtagtlarynyň we iri şäherleriniň halkara assambleýasyna girýän şäherleriň wekiliýetleri Arkadag şäherine çagyrylarlar. Bu barada ŞHA-nyň baş direktory Wladimir Seliwanow assambleýanyň Habarowsk şäherinde geçirilen XXIX sessiýasynda habar berdi.«Akyly» tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin GDA-nyň Paýtagtlarynyň we iri şäherleriniň halkara assambleýasyna girýän şäherleriň wekiliýetleri Arkadag şäherine çagyrylarlar. Bu barada ŞHA-nyň baş direktory Wladimir Seliwanow assambleýanyň Habarowsk şäherinde geçirilen XXIX sessiýasynda habar berdi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

«Akyly» tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin GDA-nyň Paýtagtlarynyň we iri şäherleriniň halkara assambleýasyna girýän şäherleriň wekiliýetleri Arkadag şäherine çagyrylarlar. Bu barada ŞHA-nyň baş direktory Wladimir Seliwanow assambleýanyň Habarowsk şäherinde geçirilen XXIX sessiýasynda habar berdi.

«Akylly şäher» – bu häzirki günde ara alyp maslahatlaşmak üçin örän möhüm temadyr. Biziň assambleýamyz eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri bu ugry ösdürmek bilen meşgullanýar. Tomus bolsa men GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň düzüminde Türkmenistanyň paýtagtyndan 30 km uzaklykda gurulýan Arkadag şäherine baryp görmegi meýilleşdirýärin. Ol bar bolan akylly tehnologiýalary ulanyp, noldan başlap gurulýar, ol tehnologiýalar adamlaryň durmuşyny rahat we has howpsuz etmelidir. Tanyşdyrylyşdan soňra biz ol ýere ŞHA-na girýän şäherleriň wekiliýetlerini çagyrmaklygy meýilleşdirýäris» – diýip, Seliwanow aýtdy.

Habarowsk şäherinde geçen duşuşygyň gün tertibi şäher giňişligini sanlylaşdyrmagyň, şäher gurluşygynda innowasion çözgütleri ulanmaklygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy.

«GDA-nyň ŞHA — bu işewürligiň şäher tehnologiýalaryny we tejribäni görkezip biljek, has gowusy bolsa assambleýanyň işi bilen baglanyşykly barlanylan tejribäni görkezip biljek ajaýyp ýeridir, ŞHA-nyň beýleki agza-şäherleri üçin girizip we köpeldip boljak ýeridir» - diýip, «GDA-nyň ykdysady ösüşiň işewür merkezi» birleşmesiniň baş direktory Wadim Ganin belledi.

Jemgyýetçilik täjirçilik däl birleşmesi bolan Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy 1998-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda şäherleri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki hereketleri guramak üçin döredilipdi. Häzirki wagtda ol Russiýanyň 53 şäherini we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan 33 şäherini bir gurama birleşdirýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026