HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lukmanlara onlaýn-ýazylmak, «tejribesizlere» iş gözlegi: Aşgabatda hakatonyň iň gowy taslamalaryny kesgitlediler

Maý 31, 2023 | 13:47 |14578
Aşgabatda DigiWomen Codefest hakatonyň jemlerini jemlediler, ol zenanlaryň we gyzlaryň arasynda programmirlemegi öwrenmegi meşhur etmäge, şeýle hem olaryň maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalarynda hünär taýdan ösmegine ýardam etmäge niýetlenendir.Aşgabatda DigiWomen Codefest hakatonyň jemlerini jemlediler, ol zenanlaryň we gyzlaryň arasynda programmirlemegi öwrenmegi meşhur etmäge, şeýle hem olaryň maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalarynda hünär taýdan ösmegine ýardam etmäge niýetlenendir.
Çeşme: awtoryňky

Aşgabatda DigiWomen Codefest hakatonyň jemlerini jemlediler, ol zenanlaryň we gyzlaryň arasynda programmirlemegi öwrenmegi meşhur etmäge, şeýle hem olaryň maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalarynda hünär taýdan ösmegine ýardam etmäge niýetlenendir.

Çäre ýurduň ähli welaýatlaryndan we Aşgabatdan 12 topara bölünen 96 gatnaşyjyny ýygnady. Üç günüň dowamynda olar innowasion maksatlary amala aşyryp, tehnologiki taslamalary döretmek bilen meşgullandylar.

Her topar aşakdaky temalaryň birine gönükdirildi: olaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrýan zenan telekeçiliginiň ösdürilmegi; suratkeşler, senetçiler ýa-da halk döredijiliginiň ussatlary üçin onlaýn-bazar; ýaşlar üçin hünär taýdan ösmek mümkinçilikleriniň giňeldilmegi.

Онлайн-запись к врачам,  поиск работы «безопытным»: в Ашхабаде определили лучшие проекты хакатона

DigiWomen Codefest hakatonyň emin agzalary

Hakatonyň tamamlaýjy gününde toparlar öz taslamalaryny tehnologiýa, işewürlik we gender ugurlary boýunça bilermenlerden ybarat bolan eminleriň öňünde görkezdiler. Eminler taslamalary tehniki we wizual kriteriýler boýunça bahalandyrdylar.

Her topara taslamasy bilen tanyşdyrmak we onuň artykmaçlyklary hakynda gürrüň bermek üçin 120 minut wagt berildi.

Bäsleşikleriň netijesinde egin-eşik tikýän hünärmenleri gözlemek boýunça programmany işläp düzen aimIt topary ýeňiji boldy. Platforma öz eşikleriniň dizaýny boýunça hyzmaty, çapar eltip bermesini we ş.m. göz öňünde tutýar.

Онлайн-запись к врачам,  поиск работы «безопытным»: в Ашхабаде определили лучшие проекты хакатона

Hakatonyň ýeňijileri — aimIT topary

Ikinji ýeri Aşgabadyň hassahanalarynda lukmanlara ýazylmak taslamasyny ýerine ýetiren United coder girls topary eýeledi.

Онлайн-запись к врачам,  поиск работы «безопытным»: в Ашхабаде определили лучшие проекты хакатона

ikinji ýeri eýelän United coder girls topary

fixIt topary liderleriň üçlügini jemledi, ol belli bir tejribesi bolmadyk adamlara iş gözlemek boýunça platformany emin agzalaryna teklip etdi.

Онлайн-запись к врачам,  поиск работы «безопытным»: в Ашхабаде определили лучшие проекты хакатона

liderleriň üçlügini ýapan fixIt topary

Mundan başga-da, hakatonyň ähli gatnaşyjylary şahadatnamalar bilen sylaglandy.

Hakaton diňe bir zehinleri we zenan-işläp düzüjileriň mümkinçiliklerini görkezmek üçin platforma bolman, eýsem tejribe, bilim we pikir alyşmak üçin hem meýdança boldy. Çärä gatnaşyjylar guramaçylara dostlukly we goldaw beriji gurşawda okamak, hyzmatdaşlyk etmek we döretmek üçin berlen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Guramaçylar tehnologiýalar we sanly başarnyklary ösdürmekde zenanlara we gyzlara goldaw bermek babatynda gender dürlüligini öňe sürmegiň möhümdigini nygtadylar. Olar şeýle hem hakatonyň Türkmenistanda IT-jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde höweslendirme boljakdygyna umyt bildirdiler.

Hakaton 2023-nji ýylyň fewralynda telekeçiligi we işewürlik-gurşawyny ösdürmek boýunça USAID-iň taslamasynyň ýurduň amerikan burçlary, Hewlett Packard Gazagystan we Türkmenistandaky «Sanly bilim» hususy bilim merkezi bilen hyzmatdaşlykda badalga beren DigiWomen Camp maksatnamasynyň tamamlaýjy moduly boldy. Maksatnamanyň maksady Türkmenistandaky zenanlar we gyzlar üçin IT pudagynda hünär taýdan ösmek üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegidir.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026