HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Günorta Koreý işewürleri elektromobilleriň dünýä bazaryndaky ýagdaýyny pugtalandyrmak üçin birleşýärler

Iýun 13, 2023 | 15:18 |6123
Günorta Koreý işewürleri elektromobilleriň önümçiliginiň dünýä bazaryndaky ýagdaýyny pugtalandyrmak üçin tagallalary birleşdirýärler – diýip, Korea Times ýazýar.Günorta Koreý işewürleri elektromobilleriň önümçiliginiň dünýä bazaryndaky ýagdaýyny pugtalandyrmak üçin tagallalary birleşdirýärler – diýip, Korea Times ýazýar.
Çeşme: dzen.ru

Günorta Koreý işewürleri elektromobilleriň önümçiliginiň dünýä bazaryndaky ýagdaýyny pugtalandyrmak üçin tagallalary birleşdirýärler – diýip, Korea Times ýazýar.

Samsung, SK we LG ýaly iri kompaniýalar oňa gatnaşýan ähli gatnaşyjylaryň öňdebaryjy tejribesini ulanyp bäsdeşlige ukyply elektrik ulagyny çykarmak üçin Hyundai Motor Group bilen alýansy döredýärler.

Dünýädäki iň iri awtoulag konsernleriniň biri bolan Hyundai alýansyň merkezi bolar.

Elektromobiller öndürilende özbaşdak sürüş ulgamy üçin Samsungyň ýarym geçirijiler çözgüdi, SK-nyň çekiji akkumulýatorlary ulanylar. LG, öz gezeginde, maglumat beriji OLED-panelleriň we başgada köp elektron çözgütleriň üpjün edijisi bolup biler.

Bularyň ählisi Hyundai we Kia elektromobillerine oturdylar, olar bolsa Hyundai kompaniýasyna degişlidir.

Şeýlelik bilen, Hyundai bilen bilelikdäki koalisiýany döretmek arkaly Samsung, SK we LG elektromobiller üçin önümleriň bazarynda bäsdeşlige ukyplylyklaryny berkitmegi niýet edinýärler. Sebäbi Samsung her ýylda awtoulag üçin niýetlenilen prosessorlaryň işlenip düzülmegi we öndürilmegi üçin uly serişdeleri maýa goýýar.

LG-niň bölümleri elektromobiller üçin önümleriň birgiden görnüşini öndürýär. Mysal üçin, LG Display ekranlar üçin panelleri öndürýär. LG Innotek — kameralaryň modulyny, LG Magna — güýç beriji agregatlary öndürýär, LG Electronics bolsa — operasion ulgamlary we maglumat beriji - oýun ulgamlaryny öndürýär.

Alýansyň agzalary şeýle hem dünýä bazarynda elektrik ulagyna bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen, onuň pugtalandyrylmagyna garaşýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026