

Tehas uniwersitetinde türkmen-amerikan alymlar assosiasiýasynyň simpoziumy geçirildi
TASA – türkmen-amerikan alymlar assosiasiýasynyň 17-nji simpoziumy Ostin şährinde ýerleşýän ABŞ-nyň Tehas uniwersitetinde geçirildi. Duşuşyga ABŞ-da we beýleki ýurtlarda tälim alýan we işleýän türkmen alymlary, şeýle hem Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekili gatnaşdy.




















