HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tehas uniwersitetinde türkmen-amerikan alymlar assosiasiýasynyň simpoziumy geçirildi

Iýun 20, 2023 | 00:29 |7672
TASA – türkmen-amerikan alymlar assosiasiýasynyň 17-nji simpoziumy Ostin
şährinde ýerleşýän ABŞ-nyň Tehas uniwersitetinde geçirildi. Duşuşyga ABŞ-da
we beýleki ýurtlarda tälim alýan we işleýän türkmen alymlary, şeýle hem
Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekili gatnaşdy.TASA – türkmen-amerikan alymlar assosiasiýasynyň 17-nji simpoziumy Ostin
şährinde ýerleşýän ABŞ-nyň Tehas uniwersitetinde geçirildi. Duşuşyga ABŞ-da
we beýleki ýurtlarda tälim alýan we işleýän türkmen alymlary, şeýle hem
Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekili gatnaşdy.
Çeşme: ABŞ-daky Türkmenistanyň ilçihanasy

TASA – türkmen-amerikan alymlar assosiasiýasynyň 17-nji simpoziumy Ostin şährinde ýerleşýän ABŞ-nyň Tehas uniwersitetinde geçirildi. Duşuşyga ABŞ-da we beýleki ýurtlarda tälim alýan we işleýän türkmen alymlary, şeýle hem Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekili gatnaşdy.

2.JPG

Simpozium garaýyşlary we pikirleri alyşmak üçin professorlary, hünärmenleri, gözlegçileri, talyplary, täzelikçileri we dürli bilimleriň hünärmenlerini birleşdirýän özboluşly platforma. Çäräniň dowamynda jemgyýetiň agzalary lukmançylyk, mikrobiologiýa, internet tehnologiýalary, ykdysady we sosial meseleler ýaly derwaýys mowzuklar boýunça ylmy işleri barada çykyş etdiler.

3.JPG

Çäräniň çäginde ABŞ-daky Türkmenistanyň konsuly watandaşlarymyz bilen duşuşyp, ýurduň durmuşynda bolup geçen häzirki özgerişler, daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi. Esasan hem, parahatçylyk we howpsuzlyk, halklaryň abadançylygy we gülläp ösüşi üçin öňe sürlen halkara başlangyçlar gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler guraldy.

picture awarding ceremony-1.jpg

TASA simpoziumy mynasybetli kabul edişlik – «Türkmen agşamy» geçirildi. Onda türkmen diasporasynyň wekilleri milli aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de sözleri we sazy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen aýdymlar hem ýerine ýetirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026