HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Smartfonyň eýesiniň ýerleşýän ýerini SMS-iň kömegi bilen kesgitlemegi öwrendiler

Iýun 19, 2023 | 17:15 |5169
Demirgazyk-Gündogar (Northeastern University) we New-Ýork uniwersitetlerinden (New York University) howpsuzlyk boýunça hünärmenleriň topary SMS habaryny alyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitlemegiň tehnikasyny ýüze çykardy.Demirgazyk-Gündogar (Northeastern University) we New-Ýork uniwersitetlerinden (New York University) howpsuzlyk boýunça hünärmenleriň topary SMS habaryny alyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitlemegiň tehnikasyny ýüze çykardy.
Çeşme: banki.loans

Demirgazyk-Gündogar (Northeastern University) we New-Ýork uniwersitetlerinden (New York University) howpsuzlyk boýunça hünärmenleriň topary SMS habaryny alyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitlemegiň tehnikasyny ýüze çykardy.

Barlag tekst habarlaryny alyja ýetirmekde eglenmeleriň seljermesiniň esasynda edildi. «Ýuwaş» SMS-ler iberilende abonente hiç hili habarnama gelenok, habaryň awtory bolsa alyjynyň geolokasiýasyny (ýerleşýän ýerini) yzarlap bilýär.

Şeýlelikde, Belgiýada abonenti gözlemek boýunça geçirilen tejribe 86% çenli anyklyk bilen SMS habaryny alyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitledi.

«Maşyn okatmak modeliniň türgenleşmesinden soňra biziň netijelerimiz SMS-i ugradyjynyň alyjynyň birnäçe ýerleşýän ýerini anyk kesgitläp bilýändigini görkezdi. Biziň modelimiz dünýäniň dürli ýurtlarynyň içindäki sebitleri kesgitlemekde 96% çenli anyklyga ýetýär» — diýlip, barlagda aýdylýar.

Tejribe geçirilende alymlar şeýle SMS habarlaryny ugradýan goşundylary ulandylar. Öz gezeginde, emeli intellektiň esasyndaky ulgam habar ugradylan pursadyndan başlap operatordan habaryň barandygy baradaky gulluk habarnamalarynyň gelýän wagtyna çenli döwri bellik edýär.

Tejribeler ABŞ-da, BAE-de we Ýewropanyň ýedi ýurdunda geçirildi we LTE, LTE+ we 5G NSA torlary bilen bäş sany aragatnaşyk operatorlaryny gurşap aldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026