

Türkmen türgenleriniň GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda haýsy görnüşlerde çykyş etjekdikleri belli boldy
Türkmen türgenleri 4-nji awgustdan 14-nji awgusta çenli boljak GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda birbada dokuz görnüşde ýurdumyza wekilçilik ederler.


Türkmen türgenleri 4-nji awgustdan 14-nji awgusta çenli boljak GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda birbada dokuz görnüşde ýurdumyza wekilçilik ederler.


Belarus Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýurtlarynda bilelikdäki kärhanalary döretmäge taýýardyr. Bu barada BelTA Belarusyň senagat ministriniň orunbasary Aleksandr Ýefimowyň Moskwada geçen II Ýewraziýa ykdysady forumyndaky aýdan sözlerine salgylanyp, habar berýär.


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, N.A. Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburg döwlet konserwatoriýasy tarapyndan geçirilen XII halkara konferensiýa-ýaryşda ýeňiji boldular.


Aşgabatda 22-nji maýdan 24-nji maý aralygynda serhetaşa jenaýatlar boýunça derňewçiler üçin seminar geçirildi. Bu okuw Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna ýardam maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan gurnaldy we BOMCA 10 tarapyndan Merkezi Aziýada geçirilen bäşinji seminar boldy. Şuňa meňzeş çäreler öň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda geçirilipdi.


Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlary bileleşigiň çäklerinde Ýewropanyň bilim maksatnamalaryna meňzeş akademiki alyş-çalyş programmalaryny döredip bilerler. Bu barada Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň senagat we agrosenagat toplumy boýunça geňeşiniň agzasy Artak Kamalýan Moskwada geçirilen Ýewraziýa ykdysady forumynda aýtdy – diýip, Sputnik Gazagystan agentligi habar berdi.


Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hindistanda AYUSH dersleri boýunça okamak we 2023-2024-nji ýyllarda bakalawr, aspirantura we doktorlyk derejelerini almak üçin stipendiýa maksatnamasyna kabul edişligiň açylandygyny habar berýär.


Çarşenbe güni, ÝUNESKO Bütindünýä sanawyna 64 dokumental ýygyndysynyň goşulandygyny yglan etdi we sanawda ýygyndylaryň umumy sanyny 494-e ýetirdi. Sanawa Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy hem girdi.


Wikipediýanyň täze görnüşiniň döredilmegi baradaky habar Russiýanyň internet forumynda Döwlet Dumasynyň deputaty Anton Gorelkin tarapyndan yglan edildi. "Ruviki" atly çeşme rus serwerlerinde ýerleşip, ol ýuridik şahs tarapyndan dolandyrylar - diýip, RIA Nowosti habar berýär.


Garagalpagystanda Nöküs şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň daşky gurşaw bölümleriniň wekilleri biodürlüligi gorap saklamak boýunça serhetaşa hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, UzDaily.uz habar berýär.


Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary çarşenbe güni, 24-nji maýda Pekinde, Halk mejlisler öýünde, Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýokary derejeli işgäri, Syýasy býuronyň agzasy we Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň wagyz bölüminiň başlygy Li Şuleý bilen duşuşdy.


Ýurduň prezidentiniň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ses bermek Türkiýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda soňlanyp barýar - diýip, Anadolu agentligi habar berýär.


Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza-2023» atly Halkara tans we folklor festiwaly geçer. Öňde boljak medeni çäre 13-16-njy iýunda bolar.


Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkeziniň paýtagtdaky galereýasynda «Sazlaşygyň ýesirliginde» atly sergi açyldy.


TRASEKA-nyň 13 agza-ýurdy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparynyň mejlisiniň Düzgünnamasyny we işiniň meýilnamasyny makulladylar – diýip, TRASEKA hökümetara toparyna salgylanyp, Trend habar berýär.


31-nji maýdan 2-nji iýun aralygynda Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.