Habarlar

Nemes kompaniýasy Türkmen-german uniwersitetini açmagy teklip edýärNemes kompaniýasy Türkmen-german uniwersitetini açmagy teklip edýär

Nemes kompaniýasy Türkmen-german uniwersitetini açmagy teklip edýär

Türkmenistan amatly geografiki ýerleşişi sebäpli, sebit we kontinental ähmiýetli ulag we üstaşyr merkez hökmünde bellidir. Bilermenleriň köpüsiniň pikiriçe, häzirki wagtda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň iň ösen bazaryna öwrüler, bu bolsa serhetaşa ýük akymyny döredip biljek ýurtlar üçin örän amatly we bähbitli bolar – diýip, MTS halkara ulag-logistika kompaniýasynyň (Gamburg, GFR) ýolbaşçysy Azgarhil Mangal Aşgabatda geçirilen ITTC – 2023 maslahatynda aýtdy.

Türkmen ylmy ýurduň ulag infrastrukturasynyň "hyzmatynda"Türkmen ylmy ýurduň ulag infrastrukturasynyň "hyzmatynda"

Türkmen ylmy ýurduň ulag infrastrukturasynyň "hyzmatynda"

Häzirki zaman durmuş-ykdysady giňişligini innowasiýa tehnologiýalary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl, munuň netijesinde ýurduň durnukly ösüşiniň täze milli modeli emele gelýär. Ýurdumyzda iň uly ylmy, tehniki we intellektual gorlara eýe bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Türkmenistanda täze pikirleri durmuşa geçiriji bolup durýar – diýip, Tehnologiýalar merkeziň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow Aşgabatdaky ITTC - 2023 ulag maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

“Türkmendemiryollary” Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň arasyndaky ulag taslamalarynyň işjeň gatnaşyjysydyr“Türkmendemiryollary” Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň arasyndaky ulag taslamalarynyň işjeň gatnaşyjysydyr

“Türkmendemiryollary” Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň arasyndaky ulag taslamalarynyň işjeň gatnaşyjysydyr

Türkmenistan häzirki wagtda demirýol ulagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berýär, muňa soňky ýyllarda ýurtda amala aşyrylýan iri göwrümli infrastruktura taslamalary şaýatlyk edýär. Dünýädäki geosyýasy üýtgeşmeler dünýäniň ulag ulgamyna öz düzedişlerini we üýtgeşmelerini girizýär we Türkmenistan dürli yklymlary birleşdirýän täze global geçelgeleri we ugurlary "gurmaga" işjeň gatnaşýar - diýip, “Türkmendemiryollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow Aşgabatda ITTC-2023 halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

«Türkmenistan» howa ýollarynyň başlygy täze ýolagçy we ýük gatnawlarynyň başlandygyny habar berdi«Türkmenistan» howa ýollarynyň başlygy täze ýolagçy we ýük gatnawlarynyň başlandygyny habar berdi

«Türkmenistan» howa ýollarynyň başlygy täze ýolagçy we ýük gatnawlarynyň başlandygyny habar berdi

«Türkmenistan awiakompaniýasy», yzygiderli halkara ýolagçy gatnawlaryny tapgyrlaýyn dikeldýär we Seul (Günorta Koreýa), Tokio (Ýaponiýa), Milan (Italiýa), Jidda (Saud Arabystany), Ho Chi Minh we Hanoý (Wýetnam) ýaly ýerlere ýolagçy gatnawlary bilen uçuşlaryň geografiýasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmenistan awiakompaniýasy» agentliginiň başlygy Döwran Saburow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen ulag we üstyaşyr geçelgeleri boýunça halkara forumda eden çykyşynda aýtdy.