Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň GDA-nyň kanuny we beýleki edaralaryndaky ygtyýarlandyrylan wekili Belorusdaky awtoulag gurluşygy bilen tanyşdy

Iýul 13, 2023 | 10:16 |8853
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralaryndaky hemişelik ygtyýarlandyrylan wekili Nazarguly Şagulyýew GDA-dan beýleki delegatlaryň düzüminde Belorusdaky BÝGPJ «БелДжи» zawodyna baryp gördi.Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralaryndaky hemişelik ygtyýarlandyrylan wekili Nazarguly Şagulyýew GDA-dan beýleki delegatlaryň düzüminde Belorusdaky BÝGPJ «БелДжи» zawodyna baryp gördi.
Çeşme: e-cis.info

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralaryndaky hemişelik ygtyýarlandyrylan wekili Nazarguly Şagulyýew GDA-dan beýleki delegatlaryň düzüminde Belorusdaky BÝGPJ «БелДжи» zawodyna baryp gördi.

«БелДжи» zawody ýeňil awtoulaglary öndürmek boýunça respublikada ilkinji zawoddyr.

Diplomatlar Geely ýeňil awtoulaglarynyň önümçiligi bilen tanyşdylar. Olar şeýle hem Belorusyň çäginde ýygnalýan we ýerlenilýän ähli modelleri, hususanda – elektrik Geometry C-ni we krossower Monjarony synag edip gördüler.

«БелДжи» zawody 2017-nji ýylyň noýabryndan bäri işleýär. Ol Geely Atlas we beýleki häzirki zaman awtoulaglarynyň ýygnalmagynyň doly aýlawyny (kebşirlemek, reňklemek we göni ýygnalmak) amala aşyrýar. Zawodda Fronius awstriýa kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen CMT (Cold Metal Transfer) tehnologiýasy ulanylýar. Ol diňe bir kebşirleýji dikiniň anyklygyny, berkligini we owadanlygyny ýokarlandyrman, eýsem kuzowyň çüýremä garşy häsiýetini ýokarlandyrýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026