

Türkmen türgenleri Astanada geçirilen ITF dünýä taekwondo çempionatynda iki medal gazandy
Astanada geçirilen ITF dünýä taekwondo çempionatynda türkmen türgenleri bir altyn we bir bürünç – iki medal gazandy.


Astanada geçirilen ITF dünýä taekwondo çempionatynda türkmen türgenleri bir altyn we bir bürünç – iki medal gazandy.


«Kaspi möwsümleri-2023» halkara klassiki sungat festiwalynyň çäginde 28-nji awgustda «Türkmenistanyň güni» atly konsert geçirildi. Medeni çärä gatnaşmak üçin Hazar döwletleriniň - Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň sazandalary we aýdymçylary geldi.


«Beýik Pýotr» kruiz gämisi indiki syýahatçylyk möwsüminde ulanylmaga berler. Häzirki wagtda gäminiň suwda deňiz synaglary dowam edýär. Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin gäminiň taýýarlygyny baha berdi we Eýrandan, Türkmenistandan we Gazagystandan hyzmatdaşlaryň täze kruiz ugurlaryny döretmek mümkinçiligine garamaga taýýardygyny aýtdy.


Gyrgyzystanda, meşhur gyrgyz ýazyjysy, diplomat we döwlet işgäri Çingiz Aýtmatowyň 95 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna ýadygärlik medallaryny gowşurmak dabarasy geçirildi, bu barada Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi telegram kanaly habar berýär.


GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komiteti, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekiller geňeşiniň Arkalaşygyň kanuny we beýleki düzümleriniň nobatdaky ýygnagyny geçirdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy.


Medeniýet edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak we eserleriň ýeke-täk maglumatlar binýadyny döretmek üçin GDA-da Opera we balet teatrlarynyň utgaşdyryjy geňeşi peýda bolar. Bu döredijilik taslamasy S. Aýniniň adyny göterýän Täjigistan akademiki opera we balet teatry tarapyndan başlandy we geňeş Duşanbe şäherinde açylar diýip teatryň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilýän Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýarlar. 28 – 30-njy awgustda geçirilýän sammitde häzirki zaman şertlerinde çagalary we ýaşlary terbiýelemekde däp bolan gymmatlyklaryň ähmiýetine bagyşlanar.


Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurduň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy bolan Gasan Sultan oglu Zeýnalowy çagyrmak we onuň ýerine Gismet Fizuli ogly Gezalowy bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.


Russiýa Federassiýasynyň hökümetiniň 2024-2025-nji okuw ýyly üçin kwotasynyň çäginde 1-nji sentýabrda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýän daşary ýurtlular, şol sanda türkmenistanly raýatlar üçin arzalary kabul etmek başlaýar. Bu barada "Aşgabatdaky Rus öýi" özüniň telegram kanalynda habar berdi.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýa söwda Maksatnamasy eksport edijilere Ýakyn Gündogar ýurtlarda, Ýewropada, Kawkazda, ABŞ-da, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýada täze bazarlara çykmaga kömek edýär we öndürijiligi we girdejini ýokarlandyrmak maksady bilen sebitdäki kompaniýalara Merkezi Aziýanyň içinde we daşynda hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk gurmaga kömek edýär.


Halkara tejribä laýyklykda, raýatlara notarial hyzmatlara deň elýeterliligi üpjün etmek we notarial işgärleriň arasynda döräp biljek esassyz bäsdeşligiň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, Adalat ministrligi tarapyndan notariuslaryň sany azaldylýar.


Gyrgyzystan Republikasynyň paýtagty Bişkekde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň guramagynda gümrük gulluklaryň we port gözegçilik toparlaryň agzalary üçin gender deňligi meselesini işjeňleşdirmek boýunça sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda köpçülikleýin, ýokary derejeli sporty, sport bilimini we talyp ýaşlaryň arasynda sport hereketini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Bäsdeşlige ukyply bolmak we döwür bilen aýakdaş gadam urmak isleýärsiňizmi? Onda Sizi ESG ( Daşky gurşaw, sosial we korporatiw dolandyryş) standartlary we olaryň Siziň işiňiziň täze derejä ýetmegine nädip kömek edip biljekdigi gyzyklandyrmagy mümkin.