Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sapar bilen Berline ugrady


Penşenbe güni, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Berline ugrady. Gitmezden öň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

Milli Lider Aşgabadyň howa menzilinde GFR-nyň ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen söhbetdeş bolup, türkmen-german gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň paýtagtynda birnäçe resmi we işewür duşuşyklary geçirer, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň baştutanlary görnüşindäki çärelere gatnaşar.
Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Federal kansler Olaf Şols bilen ikitaraplaýyn duşuşygyna garaşylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynda oňa hökümet wekiliýeti ýoldaşlyk edýär.
Saparyň çäginde türkmen-german işewürlik forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

ORIENT news








