Habarlar

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 3 esse ýokarlandyAzerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 3 esse ýokarlandy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 3 esse ýokarlandy

2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 3 esse ýokarlandy we 645 million ABŞ dollaryna ýetdi. Azerbaýjanyň ilatyň zähmet we sosial goragy ministri Sahil Babaýew muny Bakuwdaky “Gülüstan” köşgünde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada aýtdy.

Türkmen teleýaýlymlarynyň işgärleri ekologiýa mowzugyny beýan etmek boýunça okuw geçdilerTürkmen teleýaýlymlarynyň işgärleri ekologiýa mowzugyny beýan etmek boýunça okuw geçdiler

Türkmen teleýaýlymlarynyň işgärleri ekologiýa mowzugyny beýan etmek boýunça okuw geçdiler

Daşky gurşaw meselelerine bagyşlanan telegepleşikleriň önümçiligi boýunça okuw, Aşgabatda türkmen teleýaýlymlarynyň redaktorlaryny we operatorlaryny, şeýle hem üç uniwersitetiň žurnalistika mugallymlaryny bir ýere jemledi. Çäräniň maksady – olaryň hünär ukyplaryny we daşky gurşaw meseleleri boýunça hasabat bermek ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Kino ýyldyzlary «Arkadagyň säheri» atly halkara film festiwalyndaKino ýyldyzlary «Arkadagyň säheri» atly halkara film festiwalynda

Kino ýyldyzlary «Arkadagyň säheri» atly halkara film festiwalynda

Arkadag şäheri şu güýzde ýurdymyzda geçiriljek esasy kino wakasyna garaşýar. Ertir, 14-nji oktýabrda bu ýerde «Arkadagyň säheri» atly I halkara film festiwaly açylar. Oňa ýüzlerçe aktýor, režissýor, prodýuser, kino we teatr ýyldyzlary, şeýle hem Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden we Fransiýadan kino işgärleri gatnaşar.