Türkmenistan resmi taýdan TRACECA-nyň agza ýurtlaryna goşuldy


2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistan 1998-nji ýylyň sentýabr aýynda Bakuda kabul edilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek baradaky esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy. Bu barada anna güni ýurduň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berildi.
Degişli kanun milli Mejlis tarapyndan 30-njy sentýabrda geçirilen sessiýasynda kabul edildi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
TRACECA ady bilen has giňden tanalýan "Ýewropa - Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesi" tehniki kömek maksatnamasy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 1993-nji ýylda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda tebigy baglanyşyk bolup durýan Merkezi Aziýa, Ýewropa we Kawkaz döwletlerine teklip edildi.
Dikeldilen gadymy Ýüpek ýolunyň esasy söwda geçelgesi hasaplanýan TRACECA sebitdäki durnuklylyga we ykdysady ösüşe, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň halkara bazaryna çykmagyna goşant goşmak üçin döredildi.
Taslamanyň esasy maksady, gatnaşyjy döwletleriň halkara gara ýol, howa we demir ýol ulaglaryny, täjirçilik deňiz nawigasiýasyny, şeýle hem halkara ýolagçy we ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmakdyr.
“Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesini ösdürmek baradaky esasy köptaraplaýyn Ylalaşygyň düzgünleri taraplaryň arasyndaky halkara ýük we ýolagçy gatnawyny, şeýle hem olaryň territoriýalarynyň üsti bilen üstaşyr tranziti düzgünleşdirýär.
ORIENT news








