Habarlar

Katrin Denýow – 80 ýaşynda we ol henizem kino asmanyndaKatrin Denýow – 80 ýaşynda we ol henizem kino asmanynda

Katrin Denýow – 80 ýaşynda we ol henizem kino asmanynda

Ähli döwürleriň iň ajaýyň fransuz kino ýyldyzlaryndna biri bolan Katrin Denýow bu gün 80 ýaşaýar. Siz ony nahilli bellärsiňiz? «Bu meni gyzyklandyrmaýar», — diýip ol, 4-nji oktýabrda Fransiýada ilkinji görkezilşi geçirilen, Fransiýanyň öňki Prezidenti Žak Şirakyň aýaly hakyndaky «Bernadett» filminiň – özüniň soňky filminiň goýberilmeginde Paris Match žurnalyna jogap berdi.

Fransuz mekdebiniň howlusynda ýene «Uly kir ýuwulşyk» boldyFransuz mekdebiniň howlusynda ýene «Uly kir ýuwulşyk» boldy

Fransuz mekdebiniň howlusynda ýene «Uly kir ýuwulşyk» boldy

Däp bolşy ýaly, her ýyl geçirilýän bu aksiýa güni Aşgabat şäherindäki MLF (Mission laïque française) fransuz mekdebiniň howlusynda ýüp çekilip, onda okuwçylar öz suratlaryny, kollažlaryny we applikasiýalaryny asdylar. Bu gezek ähli işler «Suw bilen ýa-da suwsuz» mowzugy bilen birleşdi we her birimizi suwy tygşytly we paýhasly ulanmak, daşky gurşaw meseleleri, global ýylylyk we planetanyň suw baýlyklarynyň hapalanmagy barada oýlanmaga çagyrdy.

SOCAR “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara forumynyň premýer-hyzmatdaşySOCAR “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara forumynyň premýer-hyzmatdaşy

SOCAR “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara forumynyň premýer-hyzmatdaşy

Geljek hepde 25-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) XXVIII halkara konferensiýasy we sergisi geçiriler. Bu çäre, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy şeýle-de iňlis kompaniýasy bolan GaffneyCline-iň goldawy bilen “Türkmen forum” HJ bilen bilelikde gurnalýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş liderleri Astanada BSGG-yň konferensiýasy üçin ýygnanýarlarBütindünýä saglygy goraýyş liderleri Astanada BSGG-yň konferensiýasy üçin ýygnanýarlar

Bütindünýä saglygy goraýyş liderleri Astanada BSGG-yň konferensiýasy üçin ýygnanýarlar

Dünýä saglygy goraýyşyň liderleri 22-23-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Astanada başlangyç saglygy goraýyş boýunça halkara konferensiýa ýygnandylar. «Ilkinji saglygy goraýyş syýasaty we amaly: has gowy netijeleri durmuşa geçirmek» atly bu çäre BSGG, ÝUNISEF we Gazagystanyň hökümeti tarapyndan bilelikde guraldy. Bu, BSGG-nyň Ýewropa sebit komitetiniň 73-nji mejlisiniň resmi parallel mejlisi.

USAID-iň dolandyryjysy Samanta Pauer, C5 + 1 ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistana gelerUSAID-iň dolandyryjysy Samanta Pauer, C5 + 1 ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistana geler

USAID-iň dolandyryjysy Samanta Pauer, C5 + 1 ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistana geler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) dolandyryjysy Samanta Pauer 23-24-nji oktýabr aralygynda Özbegistana barar. Ol sebit hyzmatdaşlygy boýunça C5 + 1 formatdaky (Merkezi Aziýa ýurtlary + ABŞ) ilkinji ministrler duşuşygyny geçirer we "ABŞ hökümetiniň sebit ýurtlarynyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we gülläp ösmegine ygrarlydygyny" tassyklaýar diýip, agentligiň metbugat gullugy **[habar](https://www.usaid.gov/news-information/press-releases/oct-21-2023-usaid-administrator-samantha-power-travels-central-asia)** berýär.

«Hronos» goşundysy - Akropola wirtual wagt syýahaty«Hronos» goşundysy - Akropola wirtual wagt syýahaty

«Hronos» goşundysy - Akropola wirtual wagt syýahaty

Afiny Akropolyndaky Parfenonyň gadymy grek ybadathanasyna gelenler, giňişleýin hakykatyň «Hronos» täze kömegi bilen biziň eramyzdan öňki V asyryň gadymy grek ybadathanasyny görüp bilerler. Gresiýanyň hökümeti tarapyndan işlenip düzülen bu maksatnama grek wagt taňrysynyň adyny göterýär. Ol adamlara bu gadymy binagärlik täsinliklerini öňki şöhratynda görmäge mümkinçilik berýär diýip, novate neşiri ýazýar.