Türkmen küştçisi Lala Şöhradowa dünýä çempionatynda ilkinji onluga girdi


Türkmen küşt oýunçysy, FIDE ussady Lala Şöhradowa, Italiýanyň Montesilwano şäherinde 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ilkinji onluga girdi. Mümkin bolan 11-den 7.5 utuk gazanyp, Lala 8-nji ýeri eýeledi we Elo reýtingini 180 dereje ýokarlandyrmagy başardy.

Bu kategoriýada 18 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda 86 türgen gatnaşdy we altyn medala Azerbaýjandan gelen türgen, FIDE ussady Aýýan Allahwerdiýewa mynasyp boldy.
Türgenlerimiziň arasynda ikinji iň gowy netijäni Lalanyň aýal dogany, FIDE-niň ussat kandidaty we soňky tapgyra çenli medal almak mümkinçiligi bolan Leýla Şöhradowa görkezdi. Soňky iki duşuşykda ýeňilen Leýla 7 utuk bilen bary-ýogy 12-nji ýeri eýeledi. Emma bu netije, türgenimiz üçin üstünlikli, sebäbi Leýla başlangyç reýting sanawynda 105 türgeniň arasynda 45-nji ýerde durýar. Şeýle hem Leýla Elo reýtingini 165 dereje ýokarlandyrmagy başardy.

14 ýaşa çenli kategoriýada gyzlaryň arasynda bäsleşen üçünji türgenimiz Mähri Agamyradowa hem ýaryşy oňyn bellik bilen tamamlady, 125 gatnaşyjynyň arasynda 17-nji ýeri eýeledi. Mähri 7 utuk toplady we Elo reýtingini 130 dereje ýokarlandyrdy.
Türgenlerimiziň üçüsi hem dünýäniň iň güýçli 20-ligine girdi we bu, Türkmenistanda ýaş küştçi zenanlaryň ösüşini görkezýär.
Oglanlaryň arasynda 18 ýaşa çenli kategoriýada çykyş edip, 6 utuk toplap, Elo reýtingini 120-ä çenli ýokarlandyran mekdep okuwçysy Amanmuhammet Hommadow üstünlik gazandy. Russiýadan gelen saýlama grossmeýsterleriň biri Wolodar Murziniň hem Amanmuhammediň kategoriýasynda bäsleşendigini we ahyrynda ikinji ýeri eýeländigini ýatladýarys. Birinji orny başga bir rus grossmeýsteri Grebnew aldy.
Indi Amanmuhammet we Lala ýetip gelýän Günbatar Aziýa U20 çempionatyna taýýarlanýarlar.
Dünýä çempionatyna 92 ýurtdan 766 adam gatnaşdy.
ORIENT news








