HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Niderlandlaryň ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Noýabr 28, 2023 | 00:17 |8262
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Niderlandlar Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek bilen, oňyn häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegi babatda ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Diplomata Mejlisiň gurluşy we alyp barýan işleri, onuň ýurdumyzda amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriň, toplumlaýyn maksatnamalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şunda Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda soňky döwürde oňyn ösüşe eýe bolan ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026