HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Duşanbe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşyny gözden geçirdiler we onuň täze geljegini bellediler

Noýabr 28, 2023 | 20:46 |9873
27-28-nji noýabr aralygynda Duşanbe şäherinde Söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.27-28-nji noýabr aralygynda Duşanbe şäherinde Söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

27-28-nji noýabr aralygynda Duşanbe şäherinde Söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň wise-premýeri Taňryguly Atahallyýew we Täjigistanyň premýer-ministriniň orunbasary Ziýozoda Süleýman Rizoi ýolbaşçylyk etdi.

1-3.jpg

Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy, energetika we suw hojalygy pudagynda bilelikdäki işleriň güýçlendirilmegi, oba hojalygy bilen birlikde ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, bilim, ylym, lukmançylyk, medeniýet we sport ugurlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak ýaly köp sanly meselä garadylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

HT-yň agzalary işewür gatnaşyklary giňeltmegi, iki ýurtda öndürilen önümler bilen özara tanyşmagy, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmegi we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemegiň tarapdarydyr.

2-4.jpg

Duşuşykdan soň Söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on ikinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

HT-nyň nobatdaky 13-nji mejlisiniň 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026