

Türkmenistanda Hytaýdan getirilen ýükleýji tehnikalar ulanylyp başlandy
Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda Hytaýdan getirilen agyr ýükleri göteriji ZL50GN kysymly 50 sany awtoulag işjeň ulanylmaga başlandy.


Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda Hytaýdan getirilen agyr ýükleri göteriji ZL50GN kysymly 50 sany awtoulag işjeň ulanylmaga başlandy.


Türkmen alabaýynyň baýramy Türkmenistanda döredilen iň täze baýramlaryň biridir. Ol ilkinji gezek 2021-nji ýylda Türkmen bedewiniň baýramy bilen bilelikde bellenipdi.


Resminama laýyklykda, ozal berlen köne nusgadaky Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ony çalşyrmak üçin esas bolmadyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň täze nusgasyna çalşyrylmaga degişli däldir.


11-nji gezek geçiriljek forum sanly ulgam arkaly şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde guralar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprülerini gurmak baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Ýörite dörediljek pudagara iş topary «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça işleri alyp barar. Bu baradaky teklibi wise-premýer Batyr Atdaýew anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde öňe sürdi.


25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolar. Bu sapara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.


Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Ziroat Mirziýoýewa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy, hanym Ogulgerek Berdimuhamedowany 9-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi ugrunda çagalaryň we ýaşlaryň hereketi» atly halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.


Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2026-njy ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


27-28-nji oktýabrda Arkadag şäherinde we welaýatlarda meşhur kompozitor Nury Halmamedowyň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwal geçiriler.


Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugryndaky nobatdaky bäsleşik yglan edildi. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow bu baradaky Karara anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.


Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri 20-21-nji oktýabr aralygynda Duşanbe şäherinde geçirilýän "Wolgadan Transoksiana arkaly Ganga çenli" atly II Halkara ylmy-amaly konferensiýasyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.


Geçirilen barlaglara görä, nanorobotlar suwuň düzümindäki plastik galyndylaryň 99 göterimini toplamagy başardylar. Bu görkeziji häzirki döwre çenli döredilen innowasion tehnologiýalardan 250 esse netijelidir.


Saz agşamynda fransuz we türkmen kompozitorlarynyň eserleri, häzirki zamanyň meşhur kompozitory Pýer Tiluanyň sazlary ýaňlanar. Bu meşhur kompozitor hem Aşgabatda geçiriljek saz agşamyna gatnaşar.


Aziýa Futbol konfederasiýasynyň başlygy Şeýh Salman bin Ibragim Al Halifa, guramanyň adatdan daşary gurultaýynda, AFK birleşiginiň ähli agzalarynyň adyndan Saud Arabystanynyň 2034-nji ýyldaky Dünýä çempionatyny geçirmek islegini goldamakçydygyny aýtdy. UzA agentligi bu barada habar berýär.