

Magtymgulynyň goşgulary rus sungat-galereýasynda ýaňlanýar
Iwanowoda “Biziň Aziýamyz” surat sergisi dowam edýär, ORIENT bu barada diňe bir gürrüň bermän, eýsem bu taslama üçin türkmen eserlerini tapmaga hem kömek etdi. Dekabr aýynda, “ArtHab” häzirki zaman sungatynyň galereýasyny bezän gündogar suratkeşleriniň çeken suratlarynyň arasynda Aziýa şahyrlarynyň goşgulary hem diňlener. Şol sanda Magtymgulynyň goşgulary hem ýaňlanar.



















