

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tokioda gepleşikleri geçirýär
22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.


22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.


Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty 2024 – 2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň tomsunda çykan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi.


Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi Kabul şäheriniň golaýynda ýerleşýän elektrik beketlerini döwrebaplaşdyrmaga girişdi.


Üstümizdäki ýüzýyllygyň ahyrynda Merkezi Aziýanyň howasynyň ortaça gyzgynlyk derejesiniň 2 gradusdan 5,7 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.


2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Özbegistan-Azerbaýjan-Gruziýa we Russiýa-Gazagystan-Eýran ugurlarynda Türkmenistanyň çäginden 52 sany konteýner otlusy üstaşyr geçdi.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Singapur döwletiniň Söwda we Senagat ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda bu edaranyň başlygy Mergen Gurdow bilen Eýranyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işinde säwliklere ýol berilýändigi üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň işine nägilelik bildirdi.


Şenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna baryp gördi we täze "akylly" şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetiriljek taslamalar bilen tanyşdy.


Yragyň energetika ministri Ahmed Musa türkmen gazyny import etmek boýunça ähli şertleriň ýerine ýetirilendigini we meseleleriň oňyn çözülendigini aýdýar.


Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Türkmenistanyň Baş konsullygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly kitabyna bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.


2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen «Ak dost» («Akdus») atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.


1-nji martda Gazagystanda bitewi sagat guşaklygy giriziler. Bu barada ýurduň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.


Ýaponiýa Aýa kosmos gämisini uçuran dünýäniň bäşinji ýurdy boldy. Ýaponiýanyň SLIM (Smart Lander for investigating Moon) moduly Aýyň üstüne gondy.