HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

3-nji türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Ýanwar 20, 2024 | 11:23 |6369
Şu ýyl Türkmenistanda 3-nji türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler.Şu ýyl Türkmenistanda 3-nji türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Şu ýyl Türkmenistanda 3-nji türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler. Bu barada wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde mälim etdi.

Şeýle görnüşdäki ikitaraplaýyn ylmy-innowasion forum iň soňky gezek 2018-nji ýylda Hytaýyň Uhan şäherinde geçirilpdi. Ol türkmen we hytaý alymlarynyň, işewür wekilleri we Hökümet agzalary üçin hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmak üçin amatly giňişligi döredipdi.

Şeýle hem şu ýylda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, şu ýylyň işleriniň meýilnamalary işlenip düzülende, ýurduň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, milliligi, däp-dessurlary, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini wagyz etmek, şeýle hem birnäçe medeni-durmuş maksatly çäreleri, maslahatlary geçirmek wezipeleri göz öňünde tutuldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026