HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna baryp gördi

Ýanwar 21, 2024 | 11:41 |4929
Şenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna baryp gördi we täze "akylly" şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetiriljek taslamalar bilen tanyşdy.Şenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna baryp gördi we täze "akylly" şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetiriljek taslamalar bilen tanyşdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Şenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna baryp gördi we täze "akylly" şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetiriljek taslamalar bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, senagat ugurly desgalaryň, muzeýiň, Saglyk öýüniň, Ýangyna garşy göres gullugy binasynyň, “Saglyk” seýilgähiniň teklip edilýän şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäherniň Baş metjidiniň içki bezeg aýratynlyklaryna, lukmançylyk edaralarynyň klasterine degişli nyşanlaryň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalar bilen tanşyp, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamalaryna birnäçe belliklerini aýtdy we olara degişli düzedişleri girizdi. Şeýle hem täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Halk Maslahatyň Başlygy şeýle-de 60-a golaý bedewe niýetlenen birnäçe athananyň, toplumyň ot-iým bilen üpjünçiliginde ähmiýetli bolan täze ammarlaryň ýapyk manežiň taslamasy bilen-de tanyşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026