HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystanyň Baştutanyna sowgat eden alabaýy Russiýanyň çempiony boldy

Ýanwar 21, 2024 | 11:07 |7684
2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen «Ak dost» («Akdus») atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen «Ak dost» («Akdus») atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.
Çeşme: tdh.gov.tm

2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen «Ak dost» («Akdus») atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şenbe güni Arkadag şäherine bolan saparynyň dowamynda aýdan sözlerine salgylanyp, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

«Ak dost» Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we bäsleşiklere gatnaşyp, tejribe toplady. Bu çärelerde ol eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp boldy diýip Gurbanguly Berdimuhamedow “Ak dost” atly türkmen alabaýynyň geçirilen bäsleşiklerde mynasyp bolan Güwanamalaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy we “Halkara ahalteke atlary” assosiasiýasynyň, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalaryny gutlady.

Ol birinji sylaga 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda arassaganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp boldy. Bu ugurda – boýuna, agramyna, beden gurluşyna, saglyk ýagdaýyna, owadanlygyna we arassaganly Merkezi Aziýa owçarkalarynyň umumy ykrar edilen talaplaryna laýyk gelýändigine üns berilýär.

Ikinji sylaga 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda düşbüligi, ünslüligi we buýrugy ýerine ýetirmek ukyby üçin mynasyp boldy. «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026