

Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.


Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.


«Türkmennebit» döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda iş saparynda bolýan BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýändigi we ekologiýanyň talaplaryna laýyklykda, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýandygy bellenildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.


Kataryň ýygyndy topary Aziýanyň Kubogynyň ýarym finalynda Eýrandan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Katarlylaryň düzüminde toplary 17-nji minutda Jassem Abdulsallam, 43-nji minutda Akram Afif we 82-nji minutda Ali Almoes 11 metrlik jerime urgusyndan derwezä girizdiler. Eýranlylar 4-nji minutda Serdar Azmunyň we 51-nji minutda Alireza Jahanbahşyň girizen pökgüleri bilen jogap berdiler.


Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň hünärmenleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýeti (BV klassifikasion jemgyýeti) tarapyndan guralan «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuwa gatnaşdylar.


Ženewa şäherinde ýerleşýän Wilson köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türkiň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň çäginde bolýan Azerbaýjanyň raýatlary Aşgabat şäherindäki ilçihanada döredilen 48-nji saýlaw uçastogynda ýokary işjeňlikde ses berdiler.


“Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy” atly maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi GFR-de iki hepdelik iş tejribeligini geçmek üçin dalaşgärleri seçip almak boýunça söhbetdeşlik geçirýär.


Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy psihiki sagdynlyk we psihososial goldawm boýunça onlaýn okuw platformasyny işe girizdi. Ol degişli ugur boýunça bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär.


Daşkent şäherinde Özbegistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Katar Döwletiniň ulag we demir ýol ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dört taraplaýyn duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.


Halkara Deňiz Guramasy (IMO) Türkmenistanyň Bunker ýangyjy zerarly ýüze çykýan hapalanmadan gelýän zyýanyň 2001-nji ýyldaky raýat jogapkärçiligi baradaky halkara konwensiýasyna goşulmagyny tassyklady (Bunker konwensiýasy, “Bunker 2001”).


Häzirki Prezident Ilham Aliýew 93,9% ses alyp, Azerbaýjanda geçirilýän Prezident saýlawlarynda öňde barýar, Mejlisiň agzasy we özüni dalaşgärlige hödürlän Zahid Oruj 1.8% ses bilen ikinji ýerde durýar.


Türkmenistanyň iň ýaş we döwrebap şäheri bolan Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasy özünde iň öňdebaryjy tehnologiýalary jemleýär. Şäheriň edaradyr kärhanalarynda ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň innowasion işläp taýýarlamalary, kompýuterleri we programma üpjünçiligi ornaşdyryldy.


6-njy fewralda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly G.Garaýew Naberežnyýçelninsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory A.Galiakberowa bilen duşuşdy.


6-njy fewralda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazarda nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.