HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Psihiki sagdynlyk boýunça onlaýn okuw platformasy işe girizildi. Bu kimler we näme üçin?

Fewral 08, 2024 | 06:30 |5681
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy psihiki sagdynlyk we psihososial goldawm boýunça onlaýn okuw platformasyny işe girizdi. Ol degişli ugur boýunça bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär.Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy psihiki sagdynlyk we psihososial goldawm boýunça onlaýn okuw platformasyny işe girizdi. Ol degişli ugur boýunça bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Çeşme: BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy psihiki sagdynlyk we psihososial goldawm boýunça onlaýn okuw platformasyny işe girizdi. Ol degişli ugur boýunça bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Platforma Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanyp işe girizildi. Bu taslama BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Parahatçylyk we ösüş maslahatçylarynyň (UNDP-DPPA) düşünişmezlikleriň öňüni almakda milli mümkinçilikleri artdyrmak boýunça bilelikdäki maksatnamanyň esasynda maliýeleşdirilýär.

1.png

Türkmenistanda şeýle görnüşdäki ilkinji onlaýn okuw platformasy degişli ugurda hyzmatlary hödürleýän, şol sanda durmuş goraglylygy ulgamynda iş alyp barýan hünärmenlere, mugallymlara, hukuk goraýjy işgärlere, zenanlara, öňdebaryjy ýaşlara psihososial goldawlary bermekde goldaw bermegi maksat edinýär. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň metbugat beýanatynda mälim edilýär.

Degişli ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça gollanmalar onlaýn platformanyň baş sahypynda ýükläp almak üçin eleýeterlidir. Mundan başga-da, okuw kursyny özbaşdak geçmek mümkinçiligi hem elýeterlidir. Okuw kursunyň ähli tapgyrlaryna üstünlikli geçen gatnaşyjylara degişli ugurda şahadatnamalary alyp bilerler.

"BMG-niň Ösüş maksatnamasy ählumumy öňüni alyş syýasatynyň çäklerinde psihiki sagdynlygy we psihososiologik goldawa aýratyn ähmiýet berýär we ýaşlaryň bu babatdaky mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň ählumumy wehimlere durnuklylygyny artdyrmak ugrunda tagalla edýär" diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan aýdýar. Bellenişi ýaly, bu okuw maksatnamasy degişli ugurda iş alyp barýana adamlaryň işine goldaw bolar.

2.jpg

Trening gollanmalary BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň psihiki sagdynlyk boýunça bilermeni we hünärmeni Witaliý Klimçuk tarapyndan taýýarlanyp, onda öwredilýän zatlaryň netijeliligi geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen trening okuwlarynyň çäklerinde synagdan geçirildi.

Taýýarlanylan okuw gollanmalary, şol sanda prezentasiýalar, sowalnamalar, sosial hyzmatlary hödürleýänler, alymlar, we raýat jemgyýetiniň wekilleir üçin elektron görnüşe geçirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026