

Türkmenistanyň DIM-i Owganystany serhetaşa derýalaryň suw gorlaryna ylmy esasda çemeleşmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran sapary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumaty köpçülige ýetirdi.




















