

Türkmenistan Laos bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Laos Halk Demokratik Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Laos Halk Demokratik Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady.


Häzirki wagtda “Wildberries” öz infrastrukturasyny Azerbaýjanda ýerleşdirýär we eýýäm Russiýada, Belarusda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Ermenistanda we Özbegistanda işjeň iş alyp barýar.


Özünde 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy jemleýän 58 wagondan ybarat demir ýol düzümi Bişkek şäherine getirildi.


Şenbe güni, 3-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazara gurluşyk materiallary ýerlenildi.


Ýekşenbe güni “Google-yň” işläp taýýarlaýjylar topary (GDG) Aşgabatda “Google” korporasiýasynyň işläp taýýarlaýjylara hödürleýän mümkinçiliklerine bagyşlap çäre gurady.


Türkiýäniň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hafize Gaýe Erkan işinden aýrylýandygyny yglan edeninden soň, Fatih Karahan bu edaranyň ýolbaşçylygyna bellendi.


Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsullyk edarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


Kataryň iň okalýan gündelik “Al Shard” gazetinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň Arkadag “akylly” şäheri baradaky makalasy çap edildi.


«Roskosmos» kosmonawtlar otrýadynyň serkerdesi Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça dünýä rekordyny goýdy.


Halkara “Fitch Ratings” baha beriş agentligi Türkmenistanyň daşary ýurt pulundaky bergilerini üzüp biljek uzak möhletleýin derejesine “B+” ýa-da “Oňyn” görkeziji berdi.


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2024-nji ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi.


2-nji fewralda “Real Madrid” futbol klubynyň türgenleşik merkezinde geçirilen çärede ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azula braziliýaly futbolçy Winisius Žunior Guramanyň bilim meseleleri boýunça hoşniýetli ilçisi hökmünde yglan etdi.


CGTN-iň habaryna görä, Hytaýdaky Taýýuan hemra uçuryş merkezi ilkinji täjirçilik emeli intellekt gipersputnigini orbita üstünlikli çykardy. “Smart Dragon-3” (SD-3) kysymly ulgam, Pekin wagty bilen sagat 11:06-da uçuş meýdançasyndan ugrady, AI gipersputnigi öz içine alýan dokuz hemra toparyny älem giňişligine alyp gitdi.


Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri özbek önümleriniň eksportynyň mukdaryny artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek we serhetüsti söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Lebap welaýatyna baryp gördüler.