Habarlar

ÝAYB ýurtlary Gazagystany, Russiýa Federasiýasyny we Türkmenistany bilelikdäki logistika kärhanasyna goşulmaga çagyrdyÝAYB ýurtlary Gazagystany, Russiýa Federasiýasyny we Türkmenistany bilelikdäki logistika kärhanasyna goşulmaga çagyrdy

ÝAYB ýurtlary Gazagystany, Russiýa Federasiýasyny we Türkmenistany bilelikdäki logistika kärhanasyna goşulmaga çagyrdy

Kasym-Žomart Tokaýew Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň Sankt-Peterburgda geçirilen nobatdaky mejlisinde Ýakyn Gündogar, Eýran, Päkistan we Hindistan döwletlerine girmek üçin “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň ösüşine ünsi çekdi. Tokaýew: “Geçelgäniň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan logistika kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasyny döredilýär. ÝAYB-nyň beýleki ýurtlaryndan demir ýol administrasiýalaryny bu işe goşulmaga çagyrýaryn"-diýdi. Bu barada “Akorda” web sahypasynda habar berilýär.

Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparyny ýeňişleri bilen gutladySerdar Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparyny ýeňişleri bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparyny ýeňişleri bilen gutlady

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow göni aragatnaşykda Prezident Serdar Berdimuhamedowa “Arkadag” toparynyň, ilkinji gezek milli futbol çempionatynda ýaryşyp, möhletinden öň Türkmenistanyň çempiony bolup, düýn bolsa, Kubogy alyp goşa altyn medala eýe bolandygyny habar berdi.