HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Minsk şäherinde geçirilen ulag-logistika maslahatyna gatnaşdy

Aprel 08, 2024 | 12:06 |8374
Foruma gatnaşyjylar GDA ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda netijeli demirýol daşamalary ulgamyny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Foruma gatnaşyjylar GDA ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda netijeli demirýol daşamalary ulgamyny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: railway.gov.tm

Foruma gatnaşyjylar GDA ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda netijeli demirýol daşamalary ulgamyny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti 4-nji aprelde Belorussiýanyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen «2024. Demirýol logistikasy: ösüşiň möhüm wezipeleri» atly halkara maslahata gatnaşdy. Çäre Belorussiýanyň demirýol edarasy tarapyndan guraldy.

Şeýle hem forumy guraýjylar Russiýadan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Hytaýdan wekiliýetleri çagyrdylar. Maslahata Belarusyň ugurdaş ministrlikleriniň, edaralarynyň we logistika kompaniýalarynyň, «Beýik daş» Hytaý-Belarus senagat parkynyň, portlaryň wekilleri hem-de ulag düzümleriniň eýeleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistana «Demirýollary» AGPJ-niň baş direktorynyň orunbasary Allaguly Hudaýberdiýew, «Demirýollary» AGPJ-niň 20-nji şahamçasynyň başlygy Maksat Rejepow, «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň baş direktorynyň orunbasary Arslan Gurbanow, «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň Russiýa Federasiýasyndaky wekili Wladimir Tahiýew wekilçilik etdiler diýlip, «Demirýollary» AGPJ-niň saýtynda habar berilýär.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar GDA-nyň giňişliginde ulag logistikasyny emele getirmegiň, demirýollaryň we deňiz portlarynyň gatnaşmaklarynda bäsdeş logistiki çözgütleriň döredilmeginiň mümkinçiliklerini seljerdiler.

Forumyň gün tertibinde demirýol ulgamlarynyň we logistika kompaniýalarynyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri, «Demirgazyk – Günorta» we «Gündogar – Günbatar» ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalaryny guramak, şeýle hem «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026