HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara baýragyň eýeleri paralimpiýa sport türgenleri sylaglandy

Aprel 09, 2024 | 00:27 |8831
Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türkmenistanly türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türkmenistanly türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.
Çeşme: yashlar.gov.tm

Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türkmenistanly türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

ECpGJmQCF6.jpeg

Şol sanda sportuň paralimpiýa görnüşi boýunça üstünlikli çykyş eden türgenler Hojaýew Muhammet, Matýakubowa Roza, Çaryýew Işkuwwat, Saparow Baýramgeldi hem sylagdan paý aldylar.

pzY4rLOGrW.jpeg

Bu türgenler 25-nji fewral — 8-nji mart aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň adyndan çykyş edipdiler. Para-pauerlifting daýanç-hereket ulgamlaryndan ejir çekýän türgenler üçin niýetlenen sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar.

TYoOrGsXEe.jpeg

Sylaglara eýe bolan türgenler ýadygärlik surata düşüp, halkara ýaryşlarda gazanylan ýeňişleriň hormatyna ýaryş meýdançasyndan dabaraly ýöräp geçdiler.

Yf9yrwPlcb.jpeg

Şanly wakanyň ahyrynda sungat ussatlarynyň konserti, ýurdumyzyň türgenleriniň görkezme çykyşlary guraldy.

Şu gezekki dabaraly çäre täze sport üstünlikleriniň oňyn başlangyjy boldy. Çünki türgenlerimiz erjelligi we ýeňiş gazanmaga bolan pugta erk-islegi bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge, islendik derejedäki ýaryşlarda türkmen sportuna mynasyp wekilçilik etmäge ukyplydyrlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026