HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde bilim almaga çagyrýar

Aprel 08, 2024 | 08:49 |11161
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde “uçarman” hünäri boýunça  bilim almaga çagyrýar.“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde “uçarman” hünäri boýunça  bilim almaga çagyrýar.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde “uçarman” hünäri boýunça bilim almaga çagyrýar.

Okuw awiakompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. Onuň möhleti 4 ýyl.

Kabul edişlige ýaşy 25-den uly bolmadyk, orta bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary ýüz tutup bilerler. Dalaşgärleriň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçendigi baradaky harby bileti bolmaly.

Okuwa milli awiakompaniýanyň Lukmançylyk merkeziniň talaplaryna laýyklykda lukmançylyk barlagyny hem-de Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetiniň wekilleri bilen söhbetdeşligi geçen dalaşgärler kabul edilýär.

Resminamalar 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan 31-nji maýyna çenli Aşgabat ş. A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan Airlines” AGPJ salgysynda kabul edilýär.

Zerur resminamalaryň sanawy:

bellenen tertipdäki sowalnama;

pasportyň nusgasy;

harby biletiň nusgasy;

orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Lukmançylyk merkezi tarapyndan berlen saglyk ýagdaýy baradaky güwänama;

narkologiýa we psihonewrologiýa dispanserinden güwänama;

soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

8 surat 3х4 sm.;

işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;

döwlet mekdep olimpiadalarynyň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara olimpiadalaryna gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalary degişli resminamalaryň asyl nusgalaryny tabşyrmaly.

Mundan başga-da, dalaşgärler kabul edişlikde özüniň artykmaçlyk hukugyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Berlen nädogry maglumatlar we resminamalar üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleri üçin okuw maksatnamalaryň esasynda iňlis dili, matematika we fizika dersleri boýunça geçirilýär. Dalaşgäriň beýleki daşary yurt dillerini bilmegi goldanylýar.

Giriş synaglary 2024-nji ýylyň1-nji iýunyndan 30-njy iýunyna çenli “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabatdaky Awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026